Sanly wideoaragatnaşyk arkaly Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi

Şu gün Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, bu düzümi döretmek hakynda çözgüt 2019-njy ýylyň maýynda taraplaryň özara gyzyklanmasynyň esasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-russiýa toparynyň 11-nji mejlisiniň barşynda kabul edildi. Geňeşiň birinji mejlisi geçen ýyl Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirildi.

Şu gün wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisde Astrahan oblastyna birnäçe pudaklaýyn ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň, «Olýa» deňiz söwda porty» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary, beýleki jogapkär adamlar wekilçilik etdiler.

Bilelikdäki geňeşiň mejlisine gatnaşyjylar döwletara gatnaşyklarynyň däbe öwrülen dostlukly häsiýeti netijesinde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini we artýan depginini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgelerinde guralýar.

RF-niň sebitleri hem-de iri senagat we medeni merkezleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, täze bazarlary özleşdirmek, özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek, telekeçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döretmek türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary bolup durýar.

Türkmenistan Hazar sebitinde Astrahan oblastynyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Biziň ykdysadyýetlerimiz biri-biriniň üstüni ýetirýär diýip, geňeşiň Astrahan tarapynyň başlygy, Astrahan oblastynyň senagat we tebigy serişdeler ministri Denis Afanasýew belledi.

Şeýle hem onuň nygtaýşy ýaly, Russiýanyň Hazar sebitindäki paýtagty hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has-da giňeltmäge, ýaýbaňlandyrylan giň gerimli maksatnamalary nazara almak bilen, dürli ugurlarda ýurdumyzda amala aşyrylýan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär. Şol maksatnamalar senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, degişli düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmagy, ýokary tehnologiýalary ulanmagy hem-de ylmy işleri talap edýän önümçilikleri döretmegi ugur edinýär.

Deňiz arkaly ýük daşamak, logistika, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty bilen «Olýa» Halkara deňiz söwda portunyň arasynda awtoparom gatnaşyklaryny guramak babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak hem-de onuň sanawyny giňeltmek, hususan-da, astrahanly oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň önümlerini Türkmenistanyň bazaryna getirmek hem-de Türkmenistanda öndürilen magdan däl serişdeleri we dokma harytlaryny Astrahan oblastyna ibermek bilen bagly netijeli gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanma döredýän dürli ugurlar boýunça türkmen-russiýa gatnaşyklaryny giňeltmek bilen bagly geçirilýän işlere kanagatlanma bildirip, türkmen we astrahan işewürleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine seretdiler.