Türkmenistanyň Prezidenti durnukly ykdysady ösüş boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag-kommunikasiýa we maliýe-ykdysadyýet toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasarlary B.Öwezowyň we G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, dünýäde we sebitde ýaýran ýeňil bolmadyk epidemiýa ýagdaýyny nazara almak bilen, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüş depginini saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Hökümet mejlislerinde bellenen çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy nazara alnyp işlenip taýýarlanan şu ýyl üçin meýilnama öz wagtynda gaýtadan seretmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän düzümlerinde logistika ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depginlerini saklamaga gönükdirilen anyk işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa düzümleriniň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede döwrebaplaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy babatda edilýän işler barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu pudagyň sazlaşykly we netijeli işini üpjün etmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmeginiň möhümdigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzda köpugurly we bäsdeşlige ukyply ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösdürilmegine döwletimiziň hemmetaraplaýyn üns berjekdigini belläp, pudagyň ähli edaralarynyň işini degişli derejede alyp barmak boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer G.Müşşikow 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamynyň durmuşa geçirýän toplumlaýyn çäreleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, baş maliýe meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak döwlet Baştutanymyzyň görkezmeleri nazara alnyp hem-de pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň we özgertmegiň degişli maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine geçirilen seljermäniň esasynda alnyp barylýar. Döwlet býujetinde maýa goýumlaryň köp möçberlerini durmuş düzüminiň ösdürilmegine, ilkinji nobatda bolsa saglygy goraýşyň, bilimiň kämilleşdirilmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 15-nji maýynda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň geljek ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak hakyndaky Karara gol çekilendigini belledi.

Geçen ýyllarda bolşy ýaly, bu strategik taýdan möhüm resminamanyň taslamasy taýýarlananda, anyk mümkinçilikleriň geljek üçin seljerme çaklamalarynyň göz öňünde tutulmagy wajypdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz onda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi, önümçiligiň girdejililigini ýokarlandyrmak, maýa goýum mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak üçin ähli çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýyň çylşyrymly bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşiniň saklanmagynyň wajypdygyny belledi. Pudaklaryň döwrebaplaşdyrylmagyna, zerur bolmadyk çykdajylaryň azaldylmagyna, maliýe ulgamynyň durnuklaşdyrylmagyna we ýurdumyzyň maýa goýum işjeňliginiň saklanmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Maslahatyň dowamynda hormatly
Prezidentimiz ýakyn geljek üçin ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde halkara ýolagçy we ýük gatnawlaryna çäklendirmeler girizildi. Bu bolsa ulag we kommunikasiýa toplumynyň kärhanalarynyň esasy ykdysady görkezijilerine ýaramaz täsir edýär. Munuň özi pudagyň geljekki ösüşine bolan ýaramaz täsirleri peseltmek üçin gyssagly çäreleriň görülmegini talap edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Pudagyň bank karzlaryny, salgytlary we maýa goýumlaryny tölemegiň möhletlerine gaýtadan seretmek we gysga wagtda teklipleri taýýarlamak ähmiýetli çäreleriň hatarynda görkezildi.

Şeýle hem ähli pudaklara öňdebaryjy usullary we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Hojalyk hasaplaşygynda işleýän ministrlikler we pudak edaralary garamagyndaky edara-kärhanalary öz serişdeleriniň hasabyna, býujetden maliýeleşdirilýän ministrlikler we pudak edaralary bolsa, şu ýyl üçin bölünip berlen we býujetden daşary serişdeleriň hasabyna saklamagy göz öňünde tutmalydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ýerli syýahatçylyk serişdelerini doly peýdalanmagyň mümkinçilikleriniň öwrenilmelidigini tabşyrdy. Häzirki wagtda bu ugra degişli hyzmatlara möhüm ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz dünýäde koronawirus ýokanjy zerarly emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara alyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşyň hem-de Hazar deňziniň kenar ýakalarynda suwa düşmegiň we medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilmegini çäklendirmek barada çözgüdiň kabul edilmeginiň maksada laýykdygyny belledi we bu ugra degişli düzümleriň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak boýunça zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz telekeçiligi ösdürmek üçin zerur şertleri döretmegiň öňde durýan wezipeleriň esasylarynyň biridigini belläp, çig mal üpjünçiligi, bank karzlary, salgytlar, kärende tölegleri, özara hasaplaşyklaryň geçirilmegi, eksport amallary boýunça dürli ýeňillikleri bermek mümkinçiliklerini öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we anyk teklipleri işläp taýýarlamak boýunça tabşyryklary berdi.

Dokma senagaty halk hojalygy toplumynyň eksport ugurly esasy pudaklarynyň hatarynda durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, dünýä bazarlarynda pudagyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän harytlara bolan isleg wagtlaýyn peseldi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şu maksat bilen, şol önümleri içerki sarp edijilere ýerlemek hem-de daşarky bazarlary gözlemek üçin mümkinçilikleri öwrenmeli. Şeýle hem daşarky bazaryň isleglerini öwrenmek zerurdyr. Söwdalary we auksionlary geçirmek üçin elektron ulgam arkaly harytlaryň onlaýn söwdasyny guramak göz öňünde tutulmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň Döwlet býujetini rejelenen görnüşde gaýtadan taýýarlamak işlerini ýakyn wagtda tamamlamak, şeýle hem girdejileriň goşmaça ugurlaryny gözläp tapmak babatda anyk tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň jemini jemläp, şu gün halk hojalygy toplumynyň ähli düzümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen kesgitlenen wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.