ÝHHG TÜRKMENISTANYŇ SERHETÜSTI SÖWDA WE ÜSTAŞYR MÜMKINÇILIKLERINIŇ ÖSDÜRILMEGINE ÝARDAM EDÝÄR

2020-nji ýylyň 27-nji maýynda demirýol we gara ýol ulaglarynyň üsti bilen daşalýan üstaşyr ýüklere serhet geçelgelerini ýeňilleşdirmek boýunça onlaýn okuw maslahaty başlandy. Okuw maslahaty Merkezi Aziýa sebitinde serhetüsti söwda we üstaşyr mümkinçilikleriniň ösdürilmegine aýratyn üns berilýän, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň "Türkmenistanda Döwlet serhet gullugynyň kuwwatyny güýçlendirmek" atly taslamasynyň çäklerinde bu Merkez tarapyndan gurnaldy.

Onlaýn okuw maslahatynyň maksady, gatnaşyjylary demirýol we gara ýollaryň üsti bilen daşalýan üstaşyr ýükleri üçin serhet geçelgesiniň howpsuzlygy, ilatyň saglygy, tehniki-ykdysady we ekologiki talaplary, şeýle hem ulag infrastrukturasyny kompýuterleşdirmek we sanly ulgama geçirmek bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Söwdany ösdürmek dersara çemeleşmäni talap edýändigi sebäpli, okuw maslahatyna dört sany döwlet edarasynyň wekilleri: Türkmenistanyň Döwlet Serhet, Gümrük we Migrasiýa gulluklarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýol gözegçiligi polisiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Sessiýanyň açylyşynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd: “Türkmenistan goňşy ýurtlar bilen aragatnaşygy ýeňilleşdirmäge we dürli sebit platformalary arkaly beýleki köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýän, täze iri göwrümli sebit infrastrukturasyny döretmek üçin yzygiderli tagalla edýär" – diýip belledi.

 "Biz bu çäräni BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýeti baradaky kararlarynda öz beýanyny tapan, kabul edýän ýurduň halkara multimodal üstaşyr geçelgelerini we durnukly ulagy ösdürmek baradaky başlangyçlaryny goldamak üçin gurnadyk"

Russiýa Federasiýasynyň halkara bilermeni we BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýadaky serhet dolandyryş Maksatnamasynyň, Halkara söwda merkeziniň, ÝHHG-niň Wenadaky sekretariatynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň we Bütindünýä Gümruk Guramasynyň wekilleri serhet geçelgelerini ýeňilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň geriminiň üstünde durup geçdiler.

Bilermenler üstaşyr ýükleriň serhetlerden päsgelçiliksiz geçirilmegine ýardam etjek, serhet we gümrük amallaryny netijeli sazlaşdyrmak üçin tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň we real wagtda maglumat alyş-çalşynyň möhümdigini bellediler.