“MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ SEKRETARIATYNYŇ WEKILLERI BILEN WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY MEJLIS GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly mejlis geçirildi.

Onlaýn görnüşinde geçen duşuşygyň işine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy, Hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň direktory hem-de Halkara söwdanyň Koreý assosiasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar (KITA).

Gepleşikleri geçirmegiň maksady “Merkezi Aziýa - Koreýa Işewürler Geňeşi” atly taslamany durmuşa geçirmek we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Söwda-senagat edarlarynyň, Hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariaty, şeýle hem Halkara söwdasynyň Koreý assosiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de berkitmekden ybarat bolup durýar.