Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem-de bu edaralaryň işini mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp wezipeleri girizildi.

Ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklary bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda alnyp barlan işler, garamagyndaky düzümlerde geçirilýän köpugurly işler hem-de ýazky harby gulluga çagyryş möwsüminiň barşy hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, degişli edaranyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, ýurdumyzyň goranyş ulgamynyň häzirki döwrüň talaplaryna doly kybap gelmelidigini belledi. Harby birikmelere döwrebap tehnikalaryň hem-de enjamlaryň yzygiderli gelip gowuşmagy serkerdeleriň we esgerleriň hemmetaraplaýyn taýýarlanylmagyny hem-de hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermek işine okatmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew hasabat döwründe IIM-niň düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri, jemgyýetçilik tertibini saklamak, raýatlarymyzyň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şonuň bilen birlikde, ýangyna garşy howpsuzlygy ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän işler barada habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, edaranyň ähli düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine ünsi çekdi. Tomus möwsüminiň başlanmagy bilen baglylykda, ýangyna garşy düzgünleri berjaý etmek boýunça çäreleri güýçlendirmek tabşyryldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edýän döwrebap tehniki serişdeleri we ulgamlary işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigi barada aýdyp, bu işleriň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etmelidigini belledi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew berkarar Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak boýunça şu ýylyň bäş aýynda görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de harby gullukçylaryň birkemsiz gulluk etmegi üçin degişli şertleri döretmek meseleleri beýan edildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri, ozaly bilen, goňşy ýurtlar bilen parahatçylyk söýüjilikli we dostlukly gatnaşyklary berkitmek işinde Serhet goşunlarynyň eýeleýän ornuny belledi. Döwlet Baştutanymyz gullugyň üstüne ýüklenen borçlary amala aşyrmakda şol ýörelgelerden ugur alynmalydygyny, ata Watanymyzyň gury ýerdäki we deňizdäki serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek üçin degişli çäreleriň görülmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, gullugyň düzümindäki desgalary döwrebaplaşdyrmak hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak işleriniň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda döwrüň talaplaryna laýyklykda, kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça hasabat döwründe geçirilen işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunçylygyň berjaý edilmegine, hususan-da, kazyýetleriň çykarýan çözgütleriniň adalatlylygyna berk gözegçiligi üpjün etmek barada görkezme berdi. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz netijeli kazyýet önümçilik işine ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny, şoňa görä-de kazylaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermelidigini aýdyp, bu babatda edaranyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetirilen işler, hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň pugta ýerine ýetirilmegine edilýän gözegçilik barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kanunlaryň berk berjaý edilmegini üpjün etmekde hem-de bikanun hereketleriň islendik görnüşleriniň öňüni almakda prokuratura edaralaryna ähmiýetli ornuň berilýändigini belläp, bu babatda Baş prokurora birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew çykyş edip, garamagyndaky düzümleriň degişli döwürde ýerine ýetiren işleri hem-de kanunçylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek boýunça ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hünärmenleri taýýarlamak hem-de işgärleriň tejribesini yzygiderli kämilleşdirmek hem-de ýokarlandyrmak meseleleri hasabatyň özenini düzdi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet howpsuzlygyny üpjün etmekde MHM-nyň alyp barýan işlerine ünsi çekip, halkymyzyň asuda, döredijilikli durmuşynyň, jemgyýetimiziň bitewüliginiň we jebisliginiň sütünlerini pugtalandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini tabşyrdy.

Soňra adalat ministri B.Muhammedow kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyna ýardam etjek kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak bilen alnyp barylýan işler hakynda hasabat berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, hukuk ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň möhümdigini belledi. Şol özgertmeleriň çäklerinde Türkmenistanyň kanunçylygy halkara ölçeglerine kybap getirilýär.

Hukuk sowatlylygyny üpjün etmek ministrligiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda işleriň degişli derejede guralmagyny hem-de raýatlarymyza hukuk kömeginiň berilmegini tabşyrdy.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýolbaşçylyk edýän edarasynyň ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler yzygiderli geçirilip, bu ugurda öňdebaryjy tejribe işjeň öwrenilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, düzümiň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi, bu ugurda amala aşyrylýan çäreleriň daşary ykdysady işleri alyp barmak hem-de ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, gümrük düzgün-kadalaryny kämilleşdirmäge gönükdirilmelidigini belledi.

Şeýle hem Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gümrük gullugynyň ähli düzümlerinde netijeliligi ýokarlandyrmagyň, pudagara maglumatlary alyşmak üçin döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow ýylyň başyndan bäri geçirilen işler, edaranyň işini kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, düzümiň degişli ugurda geçirilýän syýasaty netijeli amala aşyrmak bilen dünýä giňişliginde Türkmenistanyň abraýynyň has-da artmagyna ýardam etmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Belent Serkerdebaşymyz döwlet syýasatynyň esasy ugry bolan halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, dünýä tejribesiniň täze gazananlaryny ulanmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegi, ýaş hünärmenleri taýýarlamagy dowam etmelidigini aýdyp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän edaralarynyň şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat bilen çykyş etdi. Milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli harby özgertmelerini amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berildi.

Mejlisiň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanylan athananyň taslamalary hödürlenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän edaralarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň barşyna ünsi çekdi hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny berkitmegiň, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen anyk çäreleri geljekde hem durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi.

Wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna halkymyzyň asuda we bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen goranyş häsiýetli Harby doktrina üýtgewsiz eýerilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy türkmeniň buýsanjy we baýlygy hasaplanylýan behişdi bedewlerimiziň — ata Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap batly gadamlarynyň beýanydygyny belledi. Geçmişde bolşy ýaly, ýelden ýüwrük bedewlerimiz häzir hem Watan goragçylarynyň ygtybarly kömekçileri bolup durýarlar.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalara birnäçe bellikleri aýdyp hem-de degişli düzedişleri girizip, täze toplumyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Onda atlary saklamak, seýislemek we türgenleşdirmek işleriniň netijeli guralmagy göz öňünde tutulmalydyr.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisi jemläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň Türkmenistany ösdürmegiň esasy ýörelgelerine hemmetaraplaýyn kybap getirmek bilen harby ulgamda bir bitewi döwlet syýasatyny ýöretmäge gönükdirilendigini nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň geljekde hem harby-hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni täze tehniki serişdeler we enjamlar bilen ýetirmek, harby gullukçylaryň birkemsiz gulluk etmegi we oňaýly ýaşamagy üçin has amatly şertleri döretmek üçin degişli çäreleri görjekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda üstünlikleri arzuw etdi.