Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat

Şu gün oba hojalyk toplumynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty: ýetilen sepgitler we wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Bu foruma ýurdumyzyň tebigaty goraýyş düzümleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň hünärmenleri, milli parlamentiň deputatlary, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik meseleler boýunça merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň sebitleýin maksatnamasy ýaly, iri halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem maslahata wideoaragatnaşyk arkaly birnäçe daşary ýurtly hyzmatdaşlar gatnaşdylar.
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda esaslandyryldy. Şondan bäri ol dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilýär. Gurama häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň çözülmeginde dünýä jemgyýetçiliginiň has utgaşykly işlemäge bolan maksatlaryny özünde jemleýär. Bu sene her bir adamyň ekologiýanyň ýagdaýyna jogapkärçiligi, tebigata aýawly çemeleşilmeginiň zerurdygy, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesilleriň bähbidine saklamaga bolan tagallalara işjeň gatnaşygy barada pikirlenmek üçin esasdyr. Dünýäniň dürli künjeklerinde bu sene mynasybetli we Ýer ýüzüniň ösümlik, haýwanat dünýäsiniň köpdürlüliginiň goragyny öz içine alýan medeni-aň bilim çäreleri ýaýbaňlandyrylýar.
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň şu ýylda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesi bilen gabat gelmegi aýratyn bellärliklidir we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara bileleşigiň tagallalaryny tebigaty goramak, Merkezi Aziýa sebitinde we tutuş dünýäde ekologiýa maksatnamalaryny hem-de taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça wajyp wezipeleriň çözgüdine gönükdirilmegini esasy ugur edinýän daşary syýasat strategiýasynyň çäklerinde has-da möhümdir.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak pudagynyň ähli işgärlerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň baş maksadynyň raýatlarymyzyň durmuşy üçin amatly daşky gurşawy üpjün etmekden, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmakdan, tebigaty geljek nesiller üçin baýlaşdyrmakdan we saklamakdan, bu ugurda sebitara hem-de halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdygy barada aýdylýar.
Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan her bir döwlet maksatnamasy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine, ekologiýa üçin howpsuz önümçiligiň döredilmegine gönükdirilendir.
«Garaşsyz Türkmenistan daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Sebäbi durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletimiziň daşary syýasatynyň örän möhüm ugrudyr» diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilýär.
Maslahatda edilen çykyşlarda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan köptaraply işler hemmetaraplaýyn beýan edildi.