AÖB-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekilhanasynyň Direktory Çang Çing Ýu bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň barşynda geljegi uly täze taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, özarahereketleriň ileri tutulýan ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bank ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň, şonuň ýaly-da energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň has hem işjeňleşdirilmeginiň meselelerine seredilip geçildi.
Häzirki pandemiýa ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen, taraplar CОVID-19 durmuş-ykdysady ulgama ýetirýän täsiriniň peseldilmegi boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler. Bu ugurda Türkmenistanyň ýurtda hem-de tutuş sebitde durnuklylygyň we ykdysady ösüşiň pugtalandyrylmagy boýunça hereketleri nygtalyp geçildi.
Mundan başga-da taraplar iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanan hususy telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilmegine gönükdirilen bilelikdäki taslamalara we maksatnamalara hem giňişleýin seredip geçdiler.