Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy

Ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Magtymgulynyň Ankaradaky «Türkmenistan» seýilgähinde goýlan ýadygärligine gül goýmak dabarasyny gurady.

Dabara Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň baş geňeşçisi Ýalçin Topçu, medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Nadir Alparslan, şeýle hem DIM-iň wekilleri Ali Kaan Orbaý we Aşkyn Çakmak, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň orunbasary Bilal Çakyjy dagy hormatly myhmanlar hökmünde geldiler.

Çärä ýurtlaryň birnäçesiniň ilçileri, Türkiýäniň parlamentiniň we dürli edaralarynyň wekilleri, tanymal edebiýatçylar we jemgyýetçilik işgärleri, Türkmen-türk dostlugy jemgyýetiniň, kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleri we talyplar, Anadoly habarlar agentliginiň, TRT telekanalynyň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelriniň işgärleri gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler beýik dana türkmen şahyry, çeper söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň milli medeniýeti ösdürmekdäki we türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna düşünmekdäki ummasyz ähmiýetini hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerini bellediler. Şu jähtden medeniýetleriň gatnaşyklarynyň wajyplygy we taryhy hem-de ruhy mirasy wagyz etmegiň möhümligi nygtaldy.

Şeýle hem şu ýyl 25 ýyllygy bellenilýän, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen we onuň köptaraplaýyn resminamalarynda berkidilen Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine hem-de ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmäge goşandyna üns çekildi.