Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyk

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary parlamentleriň ýolbaşçylarynyň iki günlük Bütindünýä bäşinji maslahatyna gatnaşdylar. Onlaýn görnüşinde geçen bu maslahat Parlamentara birleşik tarapyndan Awstriýanyň parlamentiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde guraldy.
Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara parlament hyzmatdaşlygyny berkitmek Türkmenistanyň dünýädäki syýasy-diplomatik işiniň möhüm bölegidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu ugurdaky işler halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk hem-de dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orun eýeleýär.
Ştab-kwartirasy Ženewada (Şweýsariýa) ýerleşýän, 130 ýyldan gowrak wagt mundan ozal döredilen Parlamentara birleşigiň düzümine Milli Parlamentleriň 180-e golaýy hem-de sebit parlament düzümleriniň 13-si girýär. Mundan başga-da, halkara parlament guramalarynyň birnäçesi bu birleşigiň assosirlenen agza derejesine eýedir.
Iki günlük wirtual forum parlamentleriň ýolbaşçylarynyň Bütindünýä bäşinji maslahatynyň esasy böleginiň öň ýanynda geçirildi. Ol COVID-19 pandemiýasy sebäpli yza süýşürildi hem-de 2021-nji ýylda Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçiriler. Duşuşyga dünýäniň dürli ýurtlaryndan parlamentarileriň we bilermenleriň 200-den gowragy, abraýly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Wideomaslahatyň açylyş dabarasynda BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, saglygy goraýyş, howa we ykdysadyýet ulgamlarynda ählumumy meseleleri çözmek, adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan koronawirus ýokanjynyň pandemiýasynyň durmuş-ykdysady täsirlerini gowşatmak maksady bilen, netijeli çäreleri görmek meselelerinde parlament bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigini nygtady.
Foruma gatnaşyjylar interaktiw söhbetdeşlikde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynda çözülmegine aýratyn ähmiýet berilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, parlamentara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, döwrüň ählumumy wehimlerine garşy durmak we 2030-njy ýyla çenli döwürde durnukly ösüş babatynda Gün tertibini ilerletmek baradaky meselelere üns berildi.
Söhbetdeşligiň esasy meseleleriniň hatarynda «Demokratiýa we XXI asyrda parlamentiň üýtgeýän orny», «Ylym, tehnologiýa we etika: täze wehimler hem-de gaýragoýulmasyz çözgütler», «Hemmeler üçin abadançylygy we adalatlylygy üpjün edýän inklýuziw hem-de durnukly ykdysadyýeti döretmek» mowzuklary bar.
Çykyşlarda gender deňligini durmuşa geçirmek, zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek, ýaşlaryň syýasy we parlament işlerine gatnaşmagyny işjeňleşdirmek boýunça iň gowy dünýä tejribesi beýan edildi.
Dünýäde howanyň üýtgemegi bilen bagly görülmeli gaýragoýulmasyz çärelere hem-de zähmet migrasiýasy bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge aýratyn üns berildi. Ýörite çäre terrorçylyga hem-de zorlukly ekstremizme garşy göreşmäge bagyşlandy.
Ýurdumyzyň halkara durmuşynyň şu meseleler boýunça düýpli çemeleşmeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatynda, beýleki ýokary forumlarda eden resmi çykyşlarynda anyk beýan edildi.
Milli Liderimiziň ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge, bütindünýä ykdysady, dünýä bileleşiginde ynjalyksyzlyk döredýän ekologiýa hem-de ynsanperwer häsiýetli meseleleri oýlanyşykly çözmegi işläp düzmäge, sebitde we tutuş dünýäde durnukly ösüş üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary giň goldawa eýe boldy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ylmy diplomatiýanyň mümkinçiliklerini dünýä möçberinde COVID-19-yň ýaýramagyna garşy göreşmekde hemmetaraplaýyn ulanmak teklibiniň aýratyn ähmiýetlidigini nygtamak gerek.
Ýakynda türkmen toparynyň parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň 13-nji sammitine gatnaşandygyny bellemek gerek, ol BMG-niň howandarlygynda Parlamentara birleşik tarapyndan wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi we gender faktorlaryny hasaba almak bilen, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek çärelerine bagyşlanyldy.
Wideomaslahatyň barşynda, şeýle hem alym lukmanlaryň halkara geňeşini döretmek, alymlaryň we hünärmenleriň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ýokançlaryň hem-de adamlaryň saglygy üçin howply bolan mikroblaryň ýaýramagy bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriň çözülmeginde dürli ugurdaş ulgamlaryň bilermenleriniň yzygiderli pikir alyşmaklaryna şertleri üpjün etmek üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy.
Forumyň jemleri boýunça Jarnama kabul edildi. Onuň mazmuny maslahatyň «Halklaryň we dünýäniň parahatçylygyny hem-de durnukly ösüşini üpjün edýän netijeli köptaraplaýyn çemeleşmäniň bähbidine parlament liderligi» diýen umumy mowzugyna laýyk gelýär.