Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri awiakerosini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-niň işewürleri şeýle hem ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Mundan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri daşary ýurt puluna tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümlerini, nah matany we ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 9 million 109 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi we garaköli goýnunyň ýüňüni satyn aldylar.