Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulgamynyň täze desgalarynyň açylyşyna gatnaşdy

Şu gün, Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasy hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýaşlar syýasatyna, bilimi, sporty ösdürmäge, bu möhüm ulgamlary dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär. Türkmenistanda bilim ulgamynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, türgenleriň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga köp mukdarda maýa goýumlar gönükdirilýär, onuň düzümine ylmyň öňdebaryjy gazananlary, şol sanda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şu gün ulanylmaga berilýän “Ajaýyp gurlyşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze okuw-edara toplumy hem bu işleriň aýdyň netijesidir.

Milli sport ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde, öz üstünlikleri bilen ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende götermäge, sport babatda gazanylanlary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmaga taýýar zehinli ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň sport ulgamyndaky bilim işini milli tejribäni netijeli ulnamak bilen birlikde, dünýäniň iň gowy tejribesini özleşdirmäge gönükdirilýär. Bu babatda Diýarymyz dünýäniň köp döwletleri hem-de halkara federasiýalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmen sportuny täze belentliklere çykarmaga ýardam etjek ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär. Şeýle hünärmenleri taýýarlamakda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty möhüm orun eýeleýär. Bu gün Türkmenistanda sport bilen meşgullanmak abraýly we hormatly iş hasaplanylýar. Munuň özi türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

... Irden ýurdumyzyň ýokary sport mekdebiniň täze binasynyň öňüne Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyplar we türgenler ýygnandylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynyň esasy girelgesine barýar.

Açylyş dabarasy ýaş artistleriň çykyşyndan başlanýar. Aýdym-sazly çykyş tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz ýygnananlary şu gün ýurdumyzda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de sport ulgamynyň täze döwrebap binalar toplumynyň ulanylmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiz gutlag sözi bilen çykyş edip, Garaşsyz döwletimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýandygyny, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, bedenterbiýedir sport bilen düýpli meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertleri döredýändigini belledi.

Biziň amala aşyrýan bilim özgertmelerimiziň netijesinde, döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri açylýar, olaryň täze binalary gurlup, ulanmaga berilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda on iki ýyllyk umumy orta bilime we sanly bilim ulgamyna geçmek syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Mekdepler ýokary derejeli, kämil hünärmenler bilen barha netijeli üpjün edilýär. Olaryň işine kompýuter enjamlary, täze tehnologiýalar, interaktiw multimedia, sanly bilim usullary giňden ornaşdyrylýar. Amala aşyrylýan bu işler bolsa, ýaşlarymyzyň döwrüň talaplaryna laýyk bilim almaklaryna, sagdyn ösüp, jemgyýetimizde mynasyp adamlar bolup ýetişmeklerine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz sport ulgamynda hem giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy hem-de ilat arasynda sagdyn-durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda uly tagallalaryň edilýändigini nygtady.

Häzir Watanymyzda Olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ähli zerur çäreler görülýär. Geçirilýän bu işler oňat netijelerini hem berýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň sentýabrynda ýokary derejede geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, şeýle hem 2018-nji ýylda geçirilen «Amul-Hazar» atly halkara awtoralli ýaryşyny we agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny ýurdumyzyň sport syýasatynyň dabaralanmagynyň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi. Munuň özi halkara ýaryşlaryny guramakda gazanylan tejribämizi baýlaşdyrdy.

2011–2020-nji ýyllarda ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni goldamak we ösdürmek boýunça ýörite Milli maksatnamanyň hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ilat arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty has-da ösdürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Eziz Diýarymyzda her ýyl Bütindünýä saglyk hem-de welosiped günleri mynasybetli, şeýle hem «Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» diýen şygar astynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çärelerini, halkara forum-maslahatlaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Taryh üçin gysga döwrüň içinde ata Watanymyzyň şäherdir obalarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän köpugurly sport mekdepleridir desgalary, toplumlary, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigi, Golf sport toplumy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda köpugurly döwrebap sport toplumy we beýleki köp sanly sport desgalary gurlup, ulanmaga berildi.

Bu desgalar raýatlarymyzyň ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmegine, türgenlerimiziň talabalaýyk okuw-türgenleşik geçmegine, abraýly halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyna, netijede bolsa Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Ýaşyl tuguny belentde parlatmaga giň mümkinçilikleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün açylýan Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze edara binasy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň täze binalar toplumy barada aýdyp, bu toplumyň geljekde Garaşsyz ýurdumyzyň milli we olimpiýa ýygyndy toparlarynyň türgenlerini Olimpiýa hem-de Aziýa oýunlaryna, dünýäde geçirilýän beýleki iri halkara ýaryşlaryna ýokary derejede taýýarlamaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmaga, sporty goldamaga we ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, sagdyn, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine gönükdirilen wezipeler milli kanunçylygymyzda hem öz beýanyny tapýar. Ýakynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Bedenterbiýe we sport hakyndaky» Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzyň bu ugurdaky kanunçylyk binýadyny has-da berkitdi.

Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin parahatçylygyň we abadançylygyň ilçisi bolan sportuň hem-de sport diplomatiýasynyň aýratyn orny bardyr.

Umumadamzat bähbitli durnukly ösüşiň maksatnamalaryny goldamak bilen, biziň ýurdumyz Halkara olimpiýa komiteti, Aziýanyň olimpiýa geňeşi,
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy, şeýle hem sportuň görnüşleri boýunça halkara we sebit guramalary bilen giňden hyzmatdaşlyk edýär. Ýylsaýyn ösdürilýän bu gatnaşyklar Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha ýokarlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmek, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerini ösdürmek maksady bilen, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan halkara derejesinde sport babatda birnäçe başlangyçlary öňe sürendigini ýatlatdy.

Bu başlangyçlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär we doly goldanylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelindäki 82-nji mejlisinde biziň döwletimiziň başlangyjy bilen ýörite Rezolýusiýa kabul edilip, her ýylyň
3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwletimiziň döredýän mümkinçiliklerinden paýdalanyp, döwrebap bilim almak, sporty söýmek, sagdyn durmuş kadalaryna eýerip, Watanyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmek Garaşsyz Diýarymyzyň ýaşlarynyň mukaddes borjudyr.

Ylym-bilimiň, sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň sazlaşýan ýerinde bolsa, ynsan özüni bagtyýar duýýar. Bularyň ählisi utgaşyp, adamy ösüşlere we belent sepgitlere ruhlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de
geljekde hem ylymly-bilimli, giň düşünjeli, ykballaryny sporta baglan ýaşlarymyzyň täze üstünlikleri bilen Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Biz geljekde hem ýaşlarymyzyň düýpli bilim almaklary, ruhy we beden mümkinçiliklerini sazlaşykly utgaşdyrmaklary, halkara bäsleşiklerinde şowly çykyş etmekleri üçin döwlet derejesinde hemişe alada ederis diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, Türkmen döwlet Bedenterbiýe we sport institutunyň täze fakultetiniň mugallymlaryna we talyplaryna okuwda we işde uly üstünlikleri arzuw edip, dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi hem-de binanyň içine girdi.

Döwlet Baştutanymyz bu sport merkeziniň özüniň derejesi boýunça paýtagtymyzyň beýleki sport köşklerinden birjik-de pes durmaýandygyny, onuň gurluşygynda iň gowy gurluşyk serişdeleriniň hem-de sport desgalaryny bina etmekde öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylandygyny belledi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyrmak hem-de onuň hatarlaryna has köp adamlary çekmek üçin edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak islendik kesellerden goraýar. Munuň özi öňde goýlan maksatlara ýetmekde ruhubelentlikdir we güýç-kuwwatdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de ministre sagdyn durmuş ýörelgesiniň köpsanly tarapdarlaryny çekmegiň merkezi hökmünde täze sport toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de öňümizdäki halkara derejeli ýaryşlara taýýarlyk görmek boýunça tabşyryklary berdi.

Ýurtlaryň onlarçasyny birleşdirýän sport federasiýalarynyň köpüsi hut bizde öz çempionatlaryny geçirmek isleýärler. Çünki bizde ýokary hilli düzüm döredildi. Aşgabat Aziaýadasyna gatnaşyjylar we myhmanlar bu oýunlaryň dünýä, olimpiýa derejesinde guralandygyny biragyzdan ykrar etdiler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Biz şeýle giň gerimli dünýä derejesindäki ýaryşlary kabul etmäge ukyplydyrys diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen birlikde, sagdyn endik hökmünde sporty giňden wagyz etmek biziň möhüm wezipämiz bolmagynda galýar. Munuň özi ösüp gelýän nesli beden taýdan kämmilleşdirmegiň, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine ugrukdyrmagyň aýrylmaz şertidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Çünki sport bilen yzygiderli meşgullanmak şahsyýetde guramaçylyklylyk, tertip-nyzamlylyk, durmuş taýdan işjeňlik, zähmetsöýerlik endiklerini kemala getirýär, aň-paýhas taýdan ösüşi höweslendirýär, ruhubelentlik ýagdaýyny döredýär. Bir söz bilen aýdylanda, bedenterbiýe we sport adama hemmetaraplaýyn oňyn täsirini ýetirýär.

Sport toplumynda hormatly Prezidentimizi talyplar we olaryň halypalary—tälimçiler tüýs ýürekden mübäreklediler. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şahsy göreldesi arkaly sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň artykmaçlygyny hem-de “Sagdyn bedende—sagdyn ruh” diýen şygaryň dogrudygyny görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz yzygiderli türgenleşikleriň ynsanda zähmetsöýerlik, ruhubelentlik we maksada okgunlylyk ýaly möhüm häsiýetleri kemala getirýändigini belleýär. Milletiň beden we ruhy taýdan sagdynlygy Diýarymyzyň rowaçlygynyň we okgunly ösüşiniň girewidir. Şoňa görä-de, Türkmenistanda bu meselelere döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz futzal boýunça türgenler bilen söhbetdeş bolup, olaryň Watanymyzyň sport abraýyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, şu ýyl Türkmenistanda futzal boýunça Aziýanyň çempionaty geçirilmelidi.

Ýöne dünýäde koronawirus ýokanjy zerarly emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara alnyp, iri dünýä we halkara ýaryşlary, çempionatlary, şol sanda Olimpiýa oýunlaryny geçirmegiň wagty üýtgedildi. Şunuň bilen baglylykda, Aziýanyň futbol konfederasiýasy bilen ylalaşylyp, futzal boýunça Aziýanyň çempionatynyň wagtyny üýtgetmek barada çözgüt kabul edildi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, özüne ähli mümkinçilikleri we şertleri birleşdirýän döwrebap sport toplumynda türgenleşmek bilen, türkmen türgenleriniň iri ýaryşlara oňat taýýarlyk görjekdigini we öňümizdäki halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Olimpiýa fakultetiniň köpugurly sport toplumynyň gurluşy, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda, hünärli türgenleri taýýarlamak boýunça mümkinçilikler bilen tanşyp, woleýbolçylaryň, futzalçylaryň, tennisçileriň we basketbolçylaryň türgenleşigine syn etdi.

Döwlet Baştutanymyz aralarynda milli ýygyndy toparlaryň hem agzalary bolan ýaş türgenlere iri halkara ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmegi, munuň üçin öz ussatlyklaryny artdyrmak üçin döredilen hemme şertlerden peýdalanyp, düýpli we yhlasly taýýarlanmagy nesihat etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi hem futbol pökgüsini ussatlyk bilen urup hem-de woleýbolçylara pökgüni geçirip, sport başarnygyny görkezdi.

Tennisçileriň oýnuny synlap, sportuň bu görnüşine hem ajaýyp erk edýän milli Liderimiz talyplar bilen okuwlar geçilende nämelere üns berilmelidigi barada tälimçä maslahatlary berdi.

Türkmen olimpiýaçylaryny we ýokary hünärli tälimçiler düzümini taýýarlamak üçin ygtybarly binýada öwrüljek iki gatly köpugurly sport toplumynda bilýard we küşt üçin niýetlenen zallar, mugallymlar üçin niýetlenen otaglar hem-de bedeni owkalaýyş otaglary, lukmançylyk bölümi hem-de beýleki otaglar ýerleşýär.

Binanyň birinji gatynda ýerleşen türgenleşik meýdançalaryň ählisi 100 adama niýetlenendir, ikinji gatda bolsa bir wagtyň özünde 50-den gowrak talyp meşgullanyp biler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport toplumynyň binasyndan çykyp, ýanaşyk ýeriň abadanlaşdyrylyşyny synlady. Şol ýerde bäş gatly 450 orunlyk umumyýaşaýyş jaýy, dynç alyş zolagy, awtoduralga, welosiped we ylgaw ýodajyklary döredildi. Döwlet Baştutanymyz bag ekmek meselesine aýratyn üns berip, nahallary seçip almak babatda masslahatlary berdi. Olar howany kislorod bilen baýlaşdyrmalydyr we estetiki taýdan lezzet bermelidir hem-de türgenleşiklerden soň güýç toplamaga ýardam etmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Biziň sportumyzyň gapylary hemişe açyk bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hut bedenterbiýe, sport hereketiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy milletiň saglygyny we onuň genofondyny berkider. Döwlet Baştutanymyzyň ýokary netijeler sportuny saýlap alanlaryň bolsa, diňe tutanýerli zähmetiň üstünlik gazanmaga mümkinçilik berjekdigine düşünmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentiimz sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasyna tarap ugrady. Bu ýerde, binanyň girelgesiniň öňünde döwlet Baştutanymyzy döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlar bilen garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň içine girip, onuň tehnologik üpjünçiligi bilen tanyşdy.

Häzirki wagtda bu ýerde talyplaryň 508-si okaýar we türgenleşýär. Bu ýerde ylym bilen baglanyşykly maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly olimpiýaçy türgenleri taýýarlamagyň köpugurly ulgam üçin aýajyp şertler döredildi. Toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, okuw otaglary döwrebap kompýuterler bilen üpjün edildi.

Fakultetiň ylmy binýady okuw-türgenleşik işiniň ýokary lukmançylyk-biologik we psihologik tehnologiýalaryny, türgenleriň ýagdaýyny barlamagyň döwrebap usullaryny ulanmaga mümkinçilik berer.

Bu ýerde sport lukmançylygy kafedrasy, ýokary dag şertli kardio-türgenleşik otagy, atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenler üçin türgenleşik zaly, myşsalary ölçemek hem-de seljermek üçin barlaghanalar we beýlekiler ýerleşýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow anyklaýyş zalyna baryp, türgenleriň işe ukyplylygynyň esasy ýagdaýlaryna baha bermek üçin niýetlenen hem-de bu maglumatlaryň esasynda türgenleri taýýarlamaga usullary we özbaşlak maksatnamalary saýlap almaga kömek edýän bu ýerde gurnalan ýörite döwrebap enjamyň iş aýratynlyklary hem häsiýetnamalary bilen giňişleýin gyzyklandy.

Türgenleriň fiziki we fiziologiki ýagdaýlarynyň görkezijilerini kesgitleýän bu täze abzallaryň birnäçesini döwlet Baştutanymyzyň hut özi synag etdi hem-de şunuň ýaly ýokary takyklygy bolan ugurdaş anyklaýyş enjamynyň türgenleşikde agram salmagyň ýygylygyny we dowamlylygyny üýtgetmäge hem-de netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.

Bu gün adamyň has giň ýaýran meselesi işiniň-durmuşynyň oturymly ýagdaýda bolmagydyr, şundan köplenç oňurga gyşarýar we üýtgeýär. Şol sebäpli myşsalar gowşaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şoňa görä-de, şunuň ýaly anyklaýşyň esasynda dogry saýlanyp alnan beden maşklary türgenlere bedenleriniň gerekli ýagdaýyny saklamak bilen birlikde, beýleki adamlara-da saglygyny diňeltmäge bedeniň kadaly fiziologiýa ýagdaýyny saklamaga kömek eder.

Soňra döwlet Baştutanymyz trenažýor zalyna bardy. Giň zalda lukmançylyk ylmynyň gazananlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylan innowasion sport-sagaldyş tehnikasy ýerleşýär.

Enjamlary saýlamaga hem-de türgenler üçin ýörite türgenleşik maksatnamalaryny düzmäge gatnaşan fitnes boýunça meşhur nemes hünärmeni Bert Rouşenbah täze sport toplumynyň enjamlarynyň we trenažýorlarynyň häsiýetnamalary hem-de aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Bu ýerde milli Liderimiz trenažýorda käbir maşklary, şol sanda westibulýar synalary türgenleşdirmek üçin niýetlenen maşklary ýerine ýetirdi.

Ýarym sfera görnüşindäki platformada agramlyklary elde saklamak arkaly deňagramlylygy saklamak örän çylşyrymly maşkdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we şeýle trenažýory atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenler üçin ulanmagy maslahat berdi.

Milli Liderimiz sport we ýaşlar syýasaty ministrine sport merkezleriniň tehniki üpjünçiligini kämilleşdirmegi dowam etmegi tabşyrdy. Şol merkeziň otaglary boş durmaly däldir. Ähli ýaşdaky adamlary sport, sagaldyş bedenteriýesi bilen meşgullanmaga has köp çekmek güýçli toparlaýyn sagdynlyga barýan dogry ýoldur diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nemes bilermeni bilen bilelikde trenažýorlaryň täze görnüşlerini giňden ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi hem-de fitnes-maslahat boýunça hünärmenleri taýýarlamak meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Bert Rouşenbah döwlet Baştutanymyza bu zalyň üpjünçiligi üçin iň täze görnüşli sport enjamlarynyň, şol sanda professional türgenleriň ýagdaýyny barlamak üçin niýetlenen enjamlaryň seçilip alnandygyny habar berdi. Özi-de, gürrüň çylşyrymly inžener ulgamlary barada barýar. Şolar tutuş bedeniň umumy ýagdaýyny seljermäge kömek edýär.

Aýratyn otagda kadiopulmonal türgenleşikleri geçirilýär, ýörite trenažýorlar bar. Tansçylar üçin niýetlenen zal hem göz öňünde tutulypdyr. Şol ýerde-de türgenleşikleriň dürli maksatnamalary: aýrobika, ýoga ýa-da gimnastika bilen meşgullanyp bolýar.

Binanyň ikinji gatynda sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen, kompýuter, lingafon otaglary hem-de maslahatlar zaly bar. Üçünji gatda boksçylary, dzýudoçylary, grek-rim we erkin göreşiň, karateniň, taekfandonyň, gylyçlaşmagyň, stoluň üstünde oýnalýan tennisiň we sportuň beýleki görnüşleriniň ussatlaryny taýýarlamak üçin niýetlenen türgenleşik zallary hem-de okuw otaglary ýerleşýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň eýýamymyz ylmy-tehniki ösüşiň örän ýokary sepgitlere çykan döwrüdir. Munuň özi bilimleriň, tehnologiýalaryň, aň-bilimiň we döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüşi bilen şertlendirilendir.

Hut şoňa görä-de, Türkmenistanda ýokary kompýuter tehnologiýalaryny, multimediýa ulgamlaryny, işiň öňdebaryjy usullaryny ulanmak arkaly döwrebap okuw mekdepleriniň ulgamyny giňeltmäge, ýagny tutuş bilim ulgamyny innowasion ýol bilen ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Sport ugurly ýokary okuw mekdebiniň täze fakultetiniň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz täze fakultetiň mugallymlaryny we talyplaryny döwrebap desganyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara sport ulgamynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi we zähmet toparynyň ýolbaşçysyna ..... açaryny gowşurdy.

Ýokary okuw mekdebiniň wekilleri milli Liderimize bu gün türkmen ýaşlaryna we olaryň halypalaryna ähli babatda kämilleşmek, öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary ulanmak arkaly hünär tejribesine we başarnygyna eýe bolmak babatda giň mümkinçilikleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze edara binasyna ugrady we şol ýerde toý bagyny kesdi.

Binanyň birinji gatynda 300 orunlyk mejlisler zaly, 2-7-nji gatlarynda edaranyň işgärleri üçin otaglar ýerleşýär. 8-9-njy gatlarda sport täzeliklerini we habarlary ýazmak hem-de ýaýlyma goýbermek üçin niýetlenen studiýalar we tehniki otaglar bar.

Döwlet Baştutanymyz sport muzeýine bardy. Muzeýde goýlan gymmatlyklar Diýarymyzyň sportuny ösdürmek ugurlaryna, döwlet syýasatyna we täze taryhy eýýamda bu ulgamda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanypdyr. Hususan-da, eksponatlaryň arasynda abraýly halkara ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň dürli ýyllarda gazanan baýraklary, ýadygärlik sowgatlyklar bar. Milli Liderimiziň ady bilen baglanyşykly gymmatlyklar aýratyn hormatly orny eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň muzeýe sowgat beren welosipedlerini mysal getirmek bolar. Şolarda hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň başyny çekipdi. Bu ýerde “Afrika Eсo Raсe” ralli-marafonynyň ýolbaşçysy Žan-Lui Şlesser tarapyndan döwlet Baştutanymyza gowşurylan “Amul-Hazar-2018” halkara awtorallisiniň ýörite baýragyny, milli Liderimiziň bu ýaryşlaryň ilkinji tapgyryndaky çykyşynda geýen sport lybaslaryny görmek bolýar. Köpöwüşginli suratlar ýerleşdirilen diwarlyk türkmen sährasynda guralan ýaryşyň ýatdan çykmajak pursatlary barada gürrüň berýär.

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary we wagyz edijisi bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladalary netijesinde, Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de sportda ýokary gazanylanlaryň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Munuň şeýledigine ýurdumyzyň dürli künjeklerinde görlüp-eşidilmedik giň gerime eýe bolan döwrebap sport desgalarynyň, stadionlaryň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, aýlawlaryň, sport mekdepleriň gurluşyklary şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen geçirilýän, hakykatdan-da, umumymilli häsiýete eýe bolan “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” diýen iri möçberli spartakiada hem muňa aýdyň subutnama bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty, ýurdumyzda iri ýaryşlaryň guralmagy hem-de türkmen türgenleriniň olimpiýa hereketine barha işjeň gatnaşmagy netijesinde, Diýarymyzyň sportunyň öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe bolandygyny bellemek gerek.

Aziýanyň olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi bu syýasatyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasy boldy. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde bu abraýly oýunlary kabul etmek hukugyna ilkinji bolup eýe bolmagy bellärliklidir. Şol oýunlar bolsa iň ýokary guramaçylyk derejesinde, beýik üstünlige beslenip geçdi.

Bu mowzuk muzeýiň gymmatlyklarynda hem öz beýanyny tapdy. Aýratyn diwarlykda türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherjiginiň esasy meýdanynda geçirilen açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna berlen çakylyk haty we beýleki gyzykly zatlar goýlupdyr.

Şeýle hem bu ýerde Halkara sambo federasiýasynyň ýolbaşçylary tarapyndan milli Liderimize dünýä giňişliginde sambony ösdürmäge uly goşant goşandygy üçin 2019-njy ýylyň aprel aýynda gowşurylan Halkara sambo federasiýasynyň güwänamasy hem-de sambo lybasy goýlupdyr.

Bu ýerde Halkara welosipedçiler birleşiginiň güwänamasyny hem görmek bolýar. Döwlet Baştutanymyz bu baýraga BMG tarapyndan Bütindünýä welosiped gününiň döredilmeginiň başyny başlandygy üçin hem-de ýurdumyzda we tutuş dünýäde welosiped sportuny ösdürmäge uly goldawynyň nyşany hökmünde mynasyp boldy. Bu baýragy hormatly Prezidentimize geçen ýylyň 3-nji iýunynda Halkara wedosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysy gowşurdy.

Muzeýiň gymmatlyklarynyň arasynda ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan dürli üstünlikleri üçin berlen Ginnesiň rekordlar kitabynyň güwänamalary, 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň medallary, köpsanly kuboklar we dürli ýaryşlaryň baýraklary bar.

Ýurdumyzda sportuň köp dürli görnüşleri ösdürilýär, dünýä ýaryşlarynda baýraklar üçin biziň bäsleşip biljek däp bolan güýçli görnüşlerimiz bar, halkara derejelerine çykarmaly görnüşlerimiz bar, biziň üçin täze bolan görnüşlerini ösdürmek zerurdyr, munuň üçin hemme mümkinçilikleri ulanmak gerek, şonda köpçülikleýin görnüşde bolşy ýaly, ýokary gazanylanlar sportunda hem uly üstünlikler bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanda Aziýa oýunlaryna düýpli taýýarlyk görlendigini ýatlady, şol oýunlar dostlugyň we sportuň ruhubelent hem-de uly ajaýyp baýramçylygyna öwrüldi. Şu hem sport diplomatiýasydyr: biziň Aziadamyz islendik derejedäki iri möçberli çäreleri geçirip bilýän açyk ýurtdugymyzy bütin dünýä görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türgenleriň ruhy taýdan taýýarlygy hem-de ýokary ahlak ruhy uly ähmiýete eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Biziň türgenlerimiz sporty ösdürmek üçin neneňsi köp işleriň bitirilendigini görüp, Watanymyzyň bähbidine çykyş etmelidirler hem-de ýeňşe tarap ymtylyşa Olimpiýa hereketiniň we çynlakaý göreşiň ýörelgelerini ýatdan çykarmaly däldirler.

Aşgabat Aziadasy ähli mazmunlarda we hemme ölçegler boýunça – eminleriň işi babatda-da, doping gözegçiliginde-de we beýleki ugurlar boýunça-da nusgalyk hökmünde ykrar edildi. Oýunlar tamamlanandan soň ýurdumyza gelen hünärmenler we bilermenler biziň sport desgalarymyza örän ýokary baha berdiler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Häzirki wagtda pandemiýa bilen baglanyşykly ählumumy ýagdaýlar sebäpli, biz şonuň ýaly iri forumlary geçirmeýäris, ýöne, ýurdumyzyň sport durmuşy egsilmeli däldir, sebitde we ýer ýüzünde ýagdaýlar ozalkylar ýaly ýene-de ýola goýlanda, biz ýene-de abraýly ýaryşlary kabul ederis hem-de dünýä derejesindäki ýaryşlarda baýraklary eýeläris diýip, milli Liderimiz ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow lukman we alym-lukman hökmünde ýokanç keseller, şol sanda koronawirus bilen kesellemeginiň sebäplerini we ýollaryny, onuň barşynyň hemme tapgyrlaryny, töwekgelçiliklerini aýtdy hem-de güýçli immunitetiň saglyk üçin bu howpuň garşysyna neneňsi hereket edip bilýändigini düşündirdi. Adamyň immuna ulgamynyň iň oňat öňüni alyş we taplanyş çäresi bolsa—munuň özi dogry, sagdyn durmuş ýörelgesidir hem-de fiziki işjeňligiň we kalbyň oňyn ruhy galkynyşyndaky ýagdaýynyň sazlaşykly utgaşmasydyr. Şonda kesel degmez diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de hemmeleri bu ýönekeý, emma möhüm tekliplere eýermäge çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ministrligiň binasyny gözden geçirmegi tamamlap, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy we bu ýerden ugrady.