Astrahanda russiýaly kinologlar bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew Astrahanyň sebitleýin «Кинологический клуб Хазар» jemgyýetçilik guramasynyň prezidenti Stanislaw Iwanow bilen duşuşyk geçirdi. Onda «Türkmen alabaý itleri» Halkara Assosiasiýasy bilen özara gatnaşyklaryň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, 31-nji awgustda geçirilen «Türkmen alabaý itleri» Halkara Assosiasiýasynyň esaslandyryş ýygnagynyň dowamynda 25 ýurtdan, şol sanda Russiýadan bilermenler we itşynaslar guramanyň agzalygyna kabul edildi.
Konsul Stanislaw Iwanowy Assosiasiýa agzalyga kabul edilmegi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, «Türkmen alabaý itleri» Halkara Assosiasiýasynyň döredilmegi bu özboluşly arassa ganly tohum itleriniň genofonduny saklap galmak we köpeltmek boýunça işiň netijeliligini hem-de hilini ýokarlandyrar, türkmen alabaýlaryny dünýä ýaýmaga ýardam eder.
Duşuşygyň dowamynda taraplar kinologiýa we alabaý itleriniň seçgisi babatda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.