TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ OWGANYSTANYŇ MB-NYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar özarabähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan owgan halky üçin zerur bolan durmuş-ykdysady, infrastruktura we beýleki derwaýys şertleriň döredilmegi ugrunda gyşarnyksyz çykyş edýär. Ählumumy durnuklylyga hem-de raýdaşlyga gönükdirilen halkara başlangyçlary bilen bir hatarda, türkmen döwleti goňşy ýurduň durnukly ösüş ýoluna hemmetaraplaýyn integrirlenmegi ugrunda Owganystanyň gatnaşmagynda giň gerimli geljegi uly taslamalary ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirýär.
Bu ugurda TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň, Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň durmuşa ornaşdyrylyp başlanan taslamalaryny aýratyn nygtamak zerurdyr, çünki taraplar bu ulgamda üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykmak üçin ähmiýetli mümkinçiliklere eýedirler.
Söhbetdeşler şeýle hem «Тürkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamalasynyň durmuşa geçirilişiniň işjeňleşdirilmegi dogrusynda hem pikir alyşdylar. Aýdylanlary nazarda tutup, golaýda TOPH gaz magistralynyň owgan böleginde «Ýer serişdelerini saýlap almak boýunça Özara düşünişmek barada Ähtnama» gol çekmek arkaly taraplaryň bu ugurda ähmiýetli öňegidişlikleri gazanandyklaryny nygtamak zerurdyr. Bu bolsa öz nobatynda Owganystanyň çägindäki işleriň ilerledilmegine güýçli itergi berer.