Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi

2-nji sentýabrda Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Döwlet Baştutanymyzyň 27-nji awgustda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygynda hem oňat netijeler gazanylýar. Döwletimiz ekerançylaryň türkmen topragynda oba hojalygynyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üçin hemmetaraplaýyn goldaw berýär.

Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmäge hem-de senagat kärhanalaryny pagta çig maly bilen üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Daýhanlar ýokary hilli tohum, mineral dökünler, döwrebap tehnikalar, ýeterlik mukdarda himiki serişdeler we suw bilen üpjün edilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, gallaçy kärendeçilere hem-de oba hojalygynyň ähli zähmetkeşlerine berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş, bereketli hasyl almagy hem-de öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetmegi arzuw etdi.

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribaryň geljek tomusda ak bugdaýyň bereketli bol hasylyny eçilmegini dileg edip, ekişe ak pata berdiler. Oňat taýýarlanan topraga «Her bir dänäň müň bolsun!» diýen sözleri aýdyp, güýzlük bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepmek bilen, aksakgallar hem-de olaryň ýaş kömekçileri ekiş geçirmek nobatyny mehanizatorlara berdiler.

Ýurdumyzyň bugdaý meýdany 690 müň gektar ýeri eýelär. Babadaýhanlar şonça meýdandan 2021-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda — 400 müň, Mary welaýatynda — 345 müň, Lebap welaýatynda —310 müň, Daşoguz welaýatynda — 265 müň we Balkan welaýatynda — 80 müň tonna däne ýygnap almagy maksat edinýärler.

Türkmen ekerançylary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerinden ugur alyp, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin niýetlenen oba hojalyk ýerlerini öz wagtynda sürüp we dökün bilen gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen taýýarlandylar. Ekişe azyklyk bugdaýyň «Sähraýy», «Juwan», «Bitarap», «Ýolöten-1», «Ýolöten-3», «Türkmenbaşy-1», «Gyzylşaglawuk-25», «Miras», «Akbaş», «Şanly», «Hasylly», şeýle hem «Watan» ýaly hasylly görnüşleriniň ýokary hilli tohumlary taýýarlanyldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde TDH-a habar berlişi ýaly, şu möwsümde Türkmenistan boýunça «John Deere», «CLAAS», «Case», «Belarus-80H» we «Belarus-82.1» kysymly ýer sürüji traktorlaryň 2 müň 583-si hem-de hatar aralaryny ýumşadýan traktorlaryň 7 müň 605-si, şeýle hem ekijileriň, enjamlaryň 1723-si we daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanylar.

Şu ýyl gelip gowşan täze tehnikalar ekerançylar üçin oňat goldaw bolar. Şol tehnikalar olara ekiş möwsümini has oňaýly möhletlerde geçirmäge kömek berer. Bu bolsa bereketli hasyly almagyň girewidir. Hususan-da, bu tehnikalar dolandyrmagyň telematiki sanly elektron ulgamy bilen enjamlaşdyrylan 155 sany «John Deere» traktorlarydyr.

Obasenagat toplumyny depginli ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Şol syýasat Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek we dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda wezipeleri çözmäge ýardam bermäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Oba özgertmeleriniň çäklerinde pudagy sanly ulgama geçirmek, iň täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak, ekerançylygy mehanizasiýalaşdyrmak derejesini ýokarlandyrmagyň, hususy ulgamy giňeltmegiň hasabyna zähmet öndürijiligini artdyrmak maksady bilen, anyk çäreler görülýär.

Oba hojalygynyň gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalaryny, elewatorlary hem-de saýlama tohumlyk bugdaý taýýarlaýan bölümleri bolan degirmen toplumlaryny, mineral dökünleri öndürýän zawodlary gurmaga köp mukdarda maýa goýumlary gönükdirilýär.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, türkmen obasynyň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.

Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers», Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Türkmenistan», Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Türkmenistan», Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan», Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi.

Şol maslahatlarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ak ekine ideg etmekde agrotehnikanyň usullaryny we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi ekerançylara strategik taýdan möhüm oba hojalyk ekininiň ekişini has amatly möhletde hem-de ýokary hilli geçirmäge kömek eder.

Şeýle hem ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň hem-de oba hojalyk pudagynda bar bolan täze tehnikalaryň sergisi guraldy. Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli, aýdym-saz we folklor toparlary konsert maksatnamasyny taýýarladylar.