Türkmenistanyň Prezidentiniň we Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, söhbetdeşlikde deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we netijelilik ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Italiýanyň Prezidentine däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary ösdürmäge uly goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, telefon arkaly söhbetdeşligiň ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa bolan saparyny aýratyn mähirlilik bilen ýatlaýandygyny nygtady. Şol saparyň barşynda Rimde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara gatnaşyklaryň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar köpugurly türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga kuwwatly itergi berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Prezident Serjio Mattarellä Türkmenistanyň bitarap daşary syýasy ugruny hemişe berk goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, dünýäniň ähli döwletleriniň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki abraýly düzümleriň resminamalarynda öz beýanyny tapýandygy nygtaldy.
Biz Italiýanyň Türkmenistanyň tekliplerini ilerletmäge işjeň gatnaşyp, biziň başlangyjymyz bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň energetika howpsuzlygy, durnukly ulag, ekologiýa ulgamyndaky birnäçe başlangyçlarynyň awtordaşy bolup çykyş edendigine ýokary baha berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Öz nobatynda, biziň ýurdumyz Italiýa Respublikasynyň netijeli başlangyçlaryny, dürli halkara düzümlere saýlawlarda onuň kandidaturasyny goldaýar.
Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serjio Mattarella hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny anyklaşdyryp, söwda-ykdysady ulgamy şolaryň hatarynda görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda, Italiýanyň Ýewropa döwletleriniň arasynda Türkmenistanyň iň iri ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygy bellenildi.
Geçen ýyl Italiýa ýurdumyzyň daşary söwdasynda 3-nji orny eýeledi. Şunda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy bir ýarym milliard amerikan dollaryndan gowraga barabar boldy. Häzirki wagtda Italiýanyň türkmen önümleriniň eksporty boýunça hyzmatdaşlaryň sanawynda ikinji orny eýeleýändigi bellärliklidir.
Bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda nebitgaz ulgamy ýaly strategik ähmiýetli topluma aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýyldan başlap, Türkmenistanda ENI kompaniýasy işleýär. Bu kompaniýa ýurdumyzda alyp barýan işini giňeltmäge çalyşýandygyny görkezýär. Mundan başga-da, italiýaly hyzmatdaşlar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmäge gyzyklanma bildirýärler.
Nebiti we gazy gaýtadan işleýän pudaklarda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Bu babatda, ilkinji nobatda, gürrüň esasy çig mal hökmünde tebigy gaz ulanylýan önümleri öndürmek boýunça zawodlaryň gurluşygy barada barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan ugurlarda işleýän italýan işewürliginiň wekilleriniň türkmen kärdeşleri bilen ýakyn wagtda onlaýn duşuşygyny guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýene-de bir geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki wagtda bu ulgamda “Thales Alenia Space” kompaniýasy bilen bilelikde işlemegiň mümkinçiligine garalýar. Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek üçin emeli hemra arkaly anyk maglumatlary almaga gyzyklanma bildirýän ministrlikleriň we pudak edaralarynyň isleglerini öwrenmegi üçin ýörite Pudagara topary döredildi. Döwlet düzümleriniň teklipleri öwrenilenden soň, bu kompaniýa bilen gepleşiklerde geljekki ädimler barada habar berler.
Şunuň bilen bir hatarda, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde beýleki bir meşhur italýan kompaniýasy - “Leonardo” kompaniýasy bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.
Işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklar hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn resminamalaryň 20-sine gol çekilmeginiň geçen ýylyň noýabr aýynda Milanda geçirilen türkmen-italýan işewürler forumynyň netijesi bolandygy kanagatlanma bilen bellenildi.
Geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň hatarynda Türkmenistanda Gün batareýalary üçin panelleri çykarýan kärhanany, keramiki önümleri öndürýän önümçiligi döretmek, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýüňi gaýtadan işlemegi ýola goýmak ýaly taslamalar bar.
Telefon söhbetdeşliginiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Serjio Mattarella ynsanperwer hyzmatdaşlygy meselesine aýratyn üns berdiler. Bellenilişi ýaly, Italiýa hem-de Türkmenistan baý taryhy-medeni mirasa eýedir, munuň özi netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikleri şertlendirýär. Yzygiderli geçirilýän dürli çäreler hem-de italýan hünärmenleriniň ýurdumyzyň birnäçe binagärlik ýadygärliklerinde alyp barýan köpýyllyk işleri şol gatnaşyklary has-da baýlaşdyrýar.
Geljekde hem yzygiderli ösdürilmegini talap edýän bu işler Italiýanyň esasy ylym hem-de bilim merkezleri bolan Boloniýa uniwersiteti hem-de arheologiýa barlaglary we gazyp-agtaryşlar boýunça Turin merkezi bilen baglaşylan degişli ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde amala aşyrylýar.
Milli Liderimiz bu ugurdaky toplanylan oňyn tejribäni nazarda tutup, Germaniýada guralan “Margiana — Türkmenistanyň çägindäki bürünç eýýamynyň şalygy” atly sergi ýaly Italiýada hem arheologiýa sergisini hem-de gadymy Parfiýanyň taryhy gymmatlyklarynyň sergisini guramagy meýilleşdirmek baradaky pikiri beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ugry boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine degip, ýurdumyzda italýan diliniň öwrenilmegine uly üns berilýändigini belledi, häzirki wagtda bu dil iki ýokary okuw mekdebinde ulgamlaýyn esasda öwredilýär.
Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda ugurdaş bölüm ýene bir ýokary okuw mekdebinde — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda açyldy. Mundan başga-da, şu okuw ýylynda italýan dili Aşgabadyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň birinde okadylyp başlanyldy.
Şonuň bilen birlikde, durmuş ulgamynda, hususan-da, saglygy goraýyş we derman senagaty boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlyk beýan edildi. Bir söz bilen aýdylanda, bilelikdäki tagallalary özara bähbitlere gönükdirmek üçin köpugurly mümkinçilikler bar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, syýasy, ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz DIM-leriň arasynda geňeşmeleri yzygiderli geçirmek arkaly daşary syýasat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn ýol kartasyna ýa-da hereketleriň meýilnamasyna gol çekmäge taýýarlyk görmek boýunça anyk teklipleri öňe sürdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin türkmen-italýan işewürler geňeşini ýa-da degişli Iş toparyny döretmegi, şeýle hem her ýyl Türkmenistanda Italiýanyň Ykdysadyýetiniň gününi geçirmegi we Milan şäherinde ýurdumyzyň söwda wekilhanasyny açmagy teklip etdi.
Milli Liderimiz ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygyň toplanylan oňyn tejribesinden ugur alyp, “Türkmenistan — Italiýa” medeni hyzmatdaşlygy esaslandyrmagyň maksada laýyk boljakdygyny belledi, ol bilim, ylym we medeniýet ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin hemişelik hereket edýän gurama hökmünde hyzmat edip biler.
Döwlet Baştutanymyz italýan kärdeşini özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Italiýanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, ol degişli şertler emele gelen wagtynda ýurdumyza gelip görmäge tüýs ýürekden şatdyr.
Prezident Serjio Mattarella türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň derejesine we many-mazmunyna ýokary baha berip, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, ykdysady hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, medeni çäreleri guramak, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça türkmen Lideriniň öňe süren ähli tekliplerini doly goldaýandygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, ähli teklipler düýpli öwreniler hem-de durmuşa geçirmek üçin Italiýanyň hökümetine berler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serjio Mattarella okgunly ösüş häsiýetine eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýy hem-de geljekki ösüşi barada anyk, işewür ýagdaýda geçen söhbetdeşlige kanagatlanma bildirip, birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.