Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we tehnikikerosinini, awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna polietilen, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Owganystan, Azerbaýjan, Ermenistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 21 million 771 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan gelen işewür toparlaryň wekilleri jemi bahasy 2 million 506 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi hem saryja goýunlaryň ýüňüni satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 252 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.