TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy institutlarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary şeýle-de KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Çäre dabaraly ýagdaýda geçirildi. Gatnaşyjylar eseriň esasy manysyny şöhlelendirýän çykyşlaryň birnäçesini diňlediler. Tanyşdyrylyş dabarasynyň açylyşynda çykyş eden Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew kitabyň aýratynlyklary, onuň milli we dünýä gymmatlyklaryny ösdürmekdäki esasy orny barada aýtdy. Bu eseriň ýaş nesli ynsanperwerlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek işinde ýolgörkeziji bolup hyzmat etjekdigi barada bellenilip geçildi.

Çäräniň dowamynda çykyş eden Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Kuçkarow bu eseriň Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň iň täsirlisi we meşhury bolandygyny nygtap, onuň türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsini açyp görkezýändigini, milli däp-dessurlarynyň aýrtynlyklaryny şöhlelendirýändigini we ýaşlary ruhy ahlak taýdan terbiýelemekde esasy gymmatlyk bolup durýandygyny nygtady.

Şeýle-de tanyşdyryş dabarasynda BAE-niň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdulaziz Al Haşimi çykyş etdi. Ol bu eseriň dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan wajyplygy barada gürrüň berdi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy B.Annagurbanow, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniweristetiniň rektory B.Orazdurdyýewa, “Türkmen dünýäsi” gazetiniň baş redaktory B.Ataýew, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy çykyş etdiler.

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» - bu kitap türkmen halkyna mahsus bolan ýokary ynsanperwerlik ýörelgeleri, belent adamkärçilik, Watana bolan wepalylyk we päk ahlaklylyk baradadyr. Awtor ata-babalarymyzyň wesýet eden taglymatlaryny, öwütlerini gorap saklamaga we parahatçylyk, hoşniýetlilik, birek birege sarpa goýmak ýoly arkaly ählumumy ösüşe çagyrýar. Bu ýerde şeýle-de adamzadyň we tebigatyň arasyndaky sazlaşygy gorap saklamaklygyň wajyplygy barada aýdylýar.

Çäräniň ahyrynda dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.