Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze oba hojalyk tehnikalaryny synlady we paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň dünýä belli “John Deere” kompaniýasynyň pagta ýygymynyň öňüsyrasynda ýurdumyza gelip gowşan pagta ýygyjy tehnikalaryny synlady hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäherdäki täze desgalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy we gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýakynda geçiren giňişleýin mejlisinde oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň öňünde pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek, tehnikalardan doly güýjünde netijeli peýdalanmak babatda möhüm wezipeleri öňde goýdy.

Şeýlelikde, gelip gowşan täze tehnikalaryň nobatdaky tapgyry ertir badalga alýan pagta ýygymynda daýhanlar üçin uly goldaw hem-de şanly seneler — Garaşsyzlyk güni we Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli pagtaçylara ajaýyp sowgat bolar.

...Irden ýokarda agzalan täze pagta ýygýan kombaýnlar goýlan meýdançada milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew garşyladylar. Wise-premýer gelip gowşan oba hojalyk tehnikalaryna degişli maglumatlar barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalygyny düýpli özgertmek baradaky strategiýasy bilen baglylykda, Türkmenistanda obasenagat toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, pudagyň ähli ulgamlaryna iň döwrebap tehnikalary giňden ornaşdyrmak, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, obasenagat toplumynyň tehniki binýadyny täzelemäge ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Häzirki wagtda bu toplumyň üsti dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň, şol sanda ABŞ-nyň döwrebap traktorlary, kombaýnlary, beýleki maşynlary we enjamlary bilen ýetirilýär.

Obasenagat toplumyny tehniki we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, azyk howpsuzlygyny berkitmäge, ýokary hilli önümleri çykarmaga gönükdirilen gaýtadan işleýän ulgamy höweslendirmäge we umuman, ýurdumyzyň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Häzirki döwürde bu wezipeler milli Liderimiziň tassyklan Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy nazara alnyp, hil taýdan täzeçil usulda ýerine ýetirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň güýzünde ABŞ-da bolup, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşan pursatlarynda “John Deere” amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny — Ýewropada, GDA we Aziýa ýurtlarynda hem-de Afrikada oba hojalyk we bag-seýilgäh tehnikalary bölüminiň prezidenti Mark fon Pentsy kabul edendigini ýatlatmalydyrys.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Milli Liderimiz däne orujy we pagta ýygyjy kombaýnlar, traktorlar taýýarlanylanda, Türkmenistanyň toprak-howa şertleriniň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, şu tehnikalaryň iş aýratynlyklaryna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, munuň özi oba hojalyk pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmakda, ösen tehnologik çözgütleri giňden peýdalanmakda aýratyn möhümdir. Bu ýurdumyzyň satyn alynýan oba hojalyk tehnikalaryny öndürijilere bildirýän esasy talabydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gelip gowşan täze pagta ýygýan maşynlary gözden geçirip, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek hem-de ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ýeri gelende aýtsak, “John Deere” kompaniýasy türkmen daýhanlarynyň uzak möhletli we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Bütin dünýäde meşhur bolan amerikan tehnikasy indi 25 ýyldan gowrak wagtdan bäri içerki bazarda uly islegden peýdalanýar. Hyzmatdaşlygyň dowamynda ýurdumyza bu kysymly dürli oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň 8 müňe golaýy getirildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistana getirilýän oba hojalyk tehnikalarynyň ählisiniň hökmany suratda ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmegi bilen bagly deslapky synaglardan geçirilýändigini bellemelidiris.

Şu ýyl “John Deere” kompaniýasyndan eýýäm oba hojalyk tehnikalarynyň täze görnüşleri gelip gowuşdy. Şolaryň hatarynda ekin ekijiler hem-de dolandyrmagyň telematik sanly elektron ulgamy bilen üpjün edilen traktorlar bar. Olar ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda özlerini gowy tarapdan görkezdi. Hususan-da, öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de telematikanyň kömegi bilen obasenagat toplumynda işleriň ýerine ýetirilmegi topragy has takyk usul arkaly bejermäge mümkinçilik berýär.

Geçen ýylyň awgust aýynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Germaniýanyň “John Deere Walldorf GmbH & Co. KG” kompaniýasynyň arasynda oba hojalyk pudagyna 2020 — 2030-njy ýyllarda oba hojalyk tehnikalaryna we enjamlaryna sanly elektron dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Resminama laýyklykda, ýakyn birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyz tarapyndan satyn alnan “John Deere” we “Claas” görnüşli ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary telematik ulgamy bilen enjamlaşdyrylar. Bu ulgam tehnikanyň işine, hususan-da, onuň ýerleşýän ýerine, ýangyç harçlaýşyna, iş wagtyndaky hereketine we başga-da birnäçe görkezijilere edara ediş binasyndan çykman, şeýle hem Internet ýa-da ykjam telefon aragatnaşyk bolan ýerinden gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, satyn alnan täze tehnikalaryň 600-si iki tapgyrda ýurdumyza gelip gowuşdy. Geçen ýyl pagta ýygýan kombaýnlaryň 300-si getirilip, olar bellenen tertipde welaýatlara paýlanyldy. Şu ýylyň pagta ýygymy möwsüminiň başlanmagynyň öňüsyrasynda bolsa, ýokarda agzalan maşynlaryň 300-si gelip gowuşdy.

Dört hatarly “John Deere 9970” kombaýnynyň häzirki zaman kysmy 250 at güýjüne barabar bolan hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol ulanyşda ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň öndürijiligi gije-gündiziň, 10 sagadyň dowamynda ortaça 12 gektara, bunkeriň göwrümi 4 tonna barabardyr. Ozal, 2017-2018-nji ýyllarda ýurdumyza şeýle ýygym tehnikalarynyň 400-si gelip gowuşdy.

“John Deere” kysymly oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň häzirki zaman görnüşlerini bankdan karz serişdelerini almagyň hasabyna ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri hem satyn alýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçilere döwlet tarapyndan maliýe goldawyny bermek maksady bilen, şu ýylyň ýanwar aýynda degişli Karara gol çekdi.

Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barmagyň diňe kuwwatly, ykdysady taýdan okgunly ösýän döwlete başardýandygy şübhesizdir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan şeýle döwletleriň biridir. Döwrebap we kuwwatly täze tehnikalaryň satyn alynmagy netijesinde ähli meýdan işlerini agrotehniki möhletlere laýyk derejede we ýokary hilli ýerine ýetirmegiň hasabyna oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdary yzygiderli artdyrylýar. Oba hojalyk işgärleriniň önümçilik we hünär derejeleri ýokarlanýar we iş şertleri gowulanýar.

Umuman, oba hojalygynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary netijeli önümçiligi üpjün edýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Diýarymyzyň ykdysady taýdan ösmegi üçin pugta binýady döretmek, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň köpasyrlyk asylly däbine eýerip, täze pagta ýygýan maşynlaryň birine alaja dakdy. Milli Liderimiz täze tehnikanyň işleýşi, onuň häsiýetli aýratynlyklary we kombaýnlarda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Şeýlelikde Arkadag Prezidentimiz täze gelip gowşan pagta ýygyjy kombaýnlaryň işine ak pata berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalygyny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary netijeli önümçiligi üpjün edýän sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy alnyp barylýan desgalar toplumynda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşmak üçin bu ýerden ugrady.

Şu pursatda milli Liderimiziň tagallasy bilen gelip gowşan täze kämil tehnikalar ýurdumyzyň sebitlerine ugradyldy. “John Deere” kompaniýasynyň pagta ýygýan kombaýnlary welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlaryna görä paýlanyldy. Bu ýokary öndürijilikli döwrebap tehnikalar pagtaçy kärendeçileriň ýakyn ýardamçylaryna öwrülip, ýetişdirilen “ak altyn” hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny üpjün eder.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýol ugrunda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Häzirki döwürde ol sebitde iri howa menzilleriniň hem-de dünýäde tehnologik üpjünçilik babatda öňdebaryjylaryň biridir. Bu ýerde dürli ugurlar boýunça uçuşlary amala aşyrmaga, ýolagçylar üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen ähli mümkinçilikler bar.

Howa menziliniň we tutuş ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Dünýä belli “Boeing” kysymly uçarlar bilen üsti ýetirilýän “Türkmenhowaýollary” agentliginiň işini döwrebap derejede alyp barmak üçin döwlet tarapyndan ähli zerur goldaw berilýär.

Şeýle hem howa menziliniň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek, täze tehnologiýalary we ösen halkara tejribelerini ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bu bolsa daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamy hökmünde ulag toplumynyň kuwwatyny artdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alnyp barylýan işleriň netijeleri, öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, pudagyň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Soňky ýyllarda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça agentligiň düzümleriniň işine innowasion sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşinde we milli ykdysadyýetimiziň berkidilmeginde raýat awiasiýasyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň öňünde goýlan, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirmek möhüm talapdyr.

Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn, şol sanda maliýe goldawynyň berilýändigine, salgyt tölemekde ýeňillikleriň döredilýändigine garamazdan, ýurdumyzyň howa ýollary ulgamynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belledi.

Milli Liderimiz işleriň şeýle ýagdaýyna nägilelik bildirip, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow A.Nyýazow şaýoly bilen H.A.Ýasawy köçesiniň çatrygyna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew we Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar. Wise-premýer hormatly Prezidentimize täze desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, bezeg aýratynlyklary, şeýle hem gurluşygy meýilleşdirilýän desgalar barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän taslamalar barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň bu künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işleri, ýollaryň, gök zolaklaryň abadanlaşdyrylyş derejesi, köçeleriň yşyklandyryş ulgamy bilen tanyşdy.

Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Häzirki döwürde şäheriň bu böleginde “Garagum” myhmanhanasynyň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär, döredijilik merkeziniň gurluşygy bolsa, tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününiň bellenilýän pursatlarynda döwrebap terbiýeçilik-okuw mekdebiniň açylyş dabarasy boldy. 21-nji ýöriteleşdirilen mekdep häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, ol täze okuw ýylynda ýaş türkmenistanlylara ajaýyp sowgat boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna A.Nyýazow we H.A.Ýasawy köçeleriniň çatrygynda gurulmagy meýilleşdirilýän ýerasty geçelgäniň ýerleşiş çyzgysy we içki görnüşi, seýilgähiň şekil taslamasy, söwda we dynç alyş merkeziniň, döredijilik merkeziniň, edara ediş we söwda maksatly binalaryň taslamalary hödürlenildi.

Milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň şu böleginde gurulmagy meýilleşdirilýän 10 müň orunlyk köpugurly döredijilik we sungat merkeziniň taslamasy we onuň ýerleşjek ýerleriniň çyzgysy taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz täze medeniýet ojagynyň enjamlaşdyrylmagy baradaky meselä degip geçip, bu ýerde dürli köpçülikleýin çäreleri, şol sanda halkara derejesindäki konsertleri, aýdym-sazly çykyşlary guramak üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde daşary ýurtlaryň dünýäde meşhurlyk gazanan estradaçylarynyň, artistleriniň Türkmenistanda konsert bilen çykyş etmekleri asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze köpugurly döredijilik we sungat merkeziniň paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşjek ýerini kesgitlemek we onuň gurluşygy boýunça halkara bäsleşigini geçirmek babatda zerur tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze merkezde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmen Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri”, ýaş estradaçylaryň arasynda guralýan “Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiklerini, “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji konsertini guramak üçin ähli zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz merkezde häzirki zamanyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen ses ýazgylar we aýdym-saz studiýasyny döretmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz taslamalar, olaryň binagärlik we bezeg çözgütleri bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Aşgabatda bina edilýän desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarmagy, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi gurluşyklara bildirilýän esasy talap bolup durýar.

Milli Liderimiz gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyryp, täze gurulýan desgalar ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir diýip belledi. Şunlukda, taslamalar taýýarlananda, ýerli tebigy aýratynlyklara, şäheriň ekologiýa derejesiniň saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan döredijilik merkeziniň gurulýan ýerine geldi. Milli Liderimiz binanyň daşky keşbine we onuň binagärligine ünsi çekip, ýanaşyk ýerleri toplumlaýyn abadanlaşdyrmagyň hem-de merkezde çagalaryň döredijiligi we olaryň ukyplarynyň ösüşi üçin oňaýly şertleri döretmegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz merkez bilen tanyşlygyň dowamynda onuň zallarynyň enjamlaşdyrylyşyny, aýratyn-da, döredijilik üçin niýetlenen, şeýle hem sport zallaryny synlady. Döwlet Baştutanymyz bu zallaryň zerur bolan halatynda köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmek üçin üýtgedip bolmak mümkinçiliginiň göz öňünde tutulmalydygyny belläp, bu desganyň häzirki günüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, täze merkezde çagalar we ulular üçin aýdym-saz, tans, çeperçilik, tikinçilik, surat çekmek toparlarynyň hereket etjekdigini aýtdy. Tölegli esasda işlejek toparlarda ýaşlaryň ukyplaryny doly açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertler üpjün ediler.

Şeýle hem bu ýerde häzirki zaman derejesinde enjamlaşdyrylan aýdym-saz studiýasy hereket eder. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän nesli gadymy milli däpleriň esasynda terbiýelemek bilen birlikde, olaryň zähmet terbiýesine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Şeýlelikde, merkezde gyzjagazlaryň milli el hünärleriniň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary, merkezde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilmelidir. Şunuň bilen birlikde, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmäge niýetlenen zallar häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Wise-premýer Ş.Durdylyýew döredijilik merkeziniň “Jahan” döredijilik merkezi diýip atlandyrmaga ygtyýar bermegi döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurlan bu desganyň özboluşly binagärligi bilen tapawutlanýandygy bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiz aýdylan teklibi oňlap, merkeziň netijeli işlemegine ak pata berdi.

Ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemek we ösdürmek, olara döwrebap bilim bermek meseleleriniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy we “Jahan” döredijilik merkeziniň bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşmalydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň wajypdygyny belläp, hemmelere işinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.