2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN TÜRKMENISTANDA ÝUNISEF-IŇ ÝURT BOÝUNÇA MAKSATNAMASYNYŇ RESMINAMASY ÝUNISEF-IŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETI TARAPYNDAN TASSYKLANYLDY
2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 8-11-i aralygynda geçirilen ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji komitetiniň ikinji nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasy kabul edildi.
ÝUNISEF-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň altynjy maksatnamasynyň baş wezipesiniň biri, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna we Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasyna laýyklykda çagalaryň hukuklaryna hormat goýmak, goramak we amala aşyrmak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň hökümete goldaw bermek bolup durýar. Takmynan 7,5 million ABŞ dollary bolan bäş ýyllyk býüdjet bilen täze ýurt maksatnamasy dört ugurda, ýagny çagalar üçin dolandyryş; çaganyň saglygy, iýmitlenmegi we irki ösüşi; çaganyň goragy; we ýokary hilli bilim ýaly ugurlarda netije gazanmagy maksat edinýär.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa hyzmatdaşlyk etmegiň täze ýurt boýunça maksatnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň goldawyny belläp geçdi. Hanym Ataýewa öz çykyşynda ýerine ýetiriji komitetiniň agzalaryna ýurduň çagalaryň hukugyny goramakda alyp barýan işi babatynda, şeýle hem saglyk, bilim, çaganyň irki ösüşi, goragy we howanyň üýtgemegi ýaly ugurlarda çagalar üçin ýokary netijelere ýetmekde Türkmenistanyň hökümetiniň we ÝUNISEF-iň ýakyn hyzmatdaşlygy babatynda maglumat berdi.