Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş ugruny durmuşa geçirmegiň, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmagyň, öňdäki möhüm şanly senelere taýýarlygyň, şeýle hem şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyga ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, şonuň ýaly-da, köpsanly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Şäheriň häkimi şu günler dürli maksatly desgalarda işleriň depginini güýçlendirmek, paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerini abadanlaşdyrmak maksady bilen, degişli gulluklaryň işleriniň sazlaşykly utgaşdyrylýandygy hakynda-da hasabat berdi. Binalaryň gurluşygy ýokary depginde, iň döwrebap gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly bu ulgamdaky iň täze gazanylanlaryň esasynda alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak boýunça işler guralanda, durmuş-medeni, inženerçilik-tehniki hem-de ekologiýa ugurlarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy.
Bina edilýän täze gurluşyklar Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbiniň bölegine öwrülip, bu ýerde ozal gurlan binalar we umuman, şäher gurşawy bilen sazlaşmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de binalaryň daşky we içki bezeginde milli binagärligiň ýörelgeleriniň giňden peýdalanylmalydygyny, munuň aýratyn öwüşgin berýändigini belledi.
Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş şähergurluşyk maksatnamasy hem innowasiýa çemeleşmeleriň esasynda, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de işläp düzmeleri, iň gowy dünýä tejribesini ulanmak arkaly öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.
Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň gerimini nazara alyp, desgalaryň ýokary hil derejesini hem-de milli binagärlik aýratynlyklaryny üpjün etmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtap, häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitdäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler, bu möwsümde ulanylýan tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi barada hasabat berdi.
Şonuň bilen birlikde, welaýatyň çäklerinde bina edilýän dürli maksatly desgalardaky, hususan-da, Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen binalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň gerekli derejesini üpjün etmek boýunça görülýän çäreleriň, bu oba hojalyk möwsümleriniň depginini öz wagtynda artdyrmagyň zerurdygy barada aýtdy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, geljekki galla hasylynyň binýadyny goýýan ekiş möwsüminiň degişli derejede guralmagynyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu çäräniň talabalaýyk derejede hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmek üçin ekerançylaryň tohum serişdeleri bilen doly üpjün edilmegini, ekiş gurallarynyň we beýleki oba hojalyk tehnikasynyň netijeli ulanylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle talaplaryň pagta ýygymyna-da degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleriniň bellenilen möhletde amala aşyrylmalydygyna ünsi çekip, pagta arassalaýjy kärhanalaryň we harmanhanalaryň, kombaýnlaryň hem-de beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, welaýatda güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny almak üçin ähli şertleri döretmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, sebitde bina edilýän ähli desgalaryň, ilkinji nobatda, Bitaraplygyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişini agrotehniki möhletde ýokary hilli geçirmek boýunça görülýän çäreler, ekişde ähli gurallaryň we oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilişi, gallaçy kärendeçileriň ýokary hilli tohum bilen üpjün edilişi barada hasabat berdi.
“Ak altyn” hasylyny ýygnamak, pagtany kombaýnlar bilen ýygnamak üçin gowaçanyň ýapragyny düşürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada habar berildi. Hasyly daşamakda ulanylýan tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň hem-de harmanhanalaryň doly taýýarlygy üpjün edildi.
Welaýatda güýzlük ýeralma, gant şugundyry, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ösdürip ýetişdirmek üçin olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilýändigi bellenildi. Mundan başga-da, häkim Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem Ak öý binasynda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde, şu günler alnyp barylýan işleriň örän möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň ýokary depginde alnyp barylmagynyň zerurdygyny aýdyp, bu barada birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda desgalaryň, şol sanda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalaryň gurluşyklarynyň barşy bilen gyzyklanyp, şolaryň ýokary hil derejesinde we bellenilen möhletinde tabşyrylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamak barada häkime anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz gurluşygyna girişilen Ak öý binasy barada aýdyp, bu toplumda dürli çäreleriň, şol sanda medeni, dynç alyş çäreleriniň we konsertleriň hem geçirilmeginiň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu nukdaýnazardan, onuň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy. Şunda Mary welaýatynda gurlan Ak öý binasynyň taslamasynyň nusga hökmünde alynmagy maksadalaýyk bolar.
Sanly wideoaragatnaşyk boýunça iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim bugdaý ekişini geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler, oba hojalyk möwsümleriniň ýokary depgininiň üpjün edilişi hem-de tehnikalaryň doly güýjünde ulanylyşy barada hasabat berdi.
Pagta ýygymy möwsümini geçirmek boýunça görülýän zerur çäreler hem-de daýhanlaryň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üçin möwsümde hereket etjek ähli düzümleriň utgaşykly işiniň ýola goýluşy barada habar berildi. Şular bilen bir hatarda, häkim şaly, ýeralma we beýleki oba hojalyk ekinlerine agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilişi barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, demirgazyk sebitiň ýolbaşçysy milli Liderimize welaýatda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy, şol sanda gurluşygyna girişilen Ak öý binasynda bellenilen işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini, munuň bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam etjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, häkime häzirki wagtda dowam edýän güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly alyp barmagyň ýokary depginini üpjün etmegiň möhümdigi tabşyryldy.
Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz şöhratly sene — Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli welaýatda ulanylmaga tabşyrylmaly möhüm desgalaryň gurluşygy baradaky meseleleriň hemişe häkimiň üns merkezinde bolmalydygyny aýdyp, birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ak öý binasy baradaky taslama ünsi çekdi hem-de bu toplumyň medeni çäreleri, konsertleri we beýleki dynç alyş çärelerini hem geçirer ýaly derejede gurulmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew oba hojalyk pudagynyň öňünde duran wezipeleriň ýerine ýetirilişi, bugdaý ekişiniň öz wagtynda geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler, gallaçy-kärendeçileriň ýokary hilli tohum bilen üpjün edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň häkimi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýygymyň barşynda pagta arassalaýjy kärhanalaryň, harmanhanalaryň, möwsümde ulanylýan tehnikalaryň we awtoulaglaryň bökdençsiz işlemeginiň üpjün edilişi barada hasabat berdi.
Bereketli hasyl almak maksady bilen, welaýatda şala, ýeralma, gök we bakja ekinlerine ideg etmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy habar berildi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy, şol sanda Ak öý binasynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ähli işleriň öz wagtynda hem-de ýokary hil derejesinde, agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygy barada aýdyp, şunuň bilen baglylykda, birnäçe degişli görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz täze gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, häkime amala aşyrylýan işleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Ak öý binasynyň gurluşygy barada aýdyp, binanyň ýerli ilatyň medeni dynç alşynyň söýgüli ýerine öwrülmelidigini belledi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilişi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şeýle hem daýhanlaryň zerur bolan möçberde ýokary hilli tohum, dökün, tehnika, ösüş suwy bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Gowaçanyň ýapragyny düşürmek çäresi bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar, ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny öz wagtynda ýygnap almak hem-de aýawly saklamak, ýokary öndürijilikli kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek ugrunda zerur tagallalar edilýär.
Welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça, şol sanda olara agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg etmek güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça hemme çäreler görülýär. Hasabatda sebitde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşyk işleri barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekin meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çärelere ünsi çekip, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymy möwsüminiň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, häkime degişli tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gowaçanyň ýapragyny düşürmek çäresini bellenilen möhlete laýyklykda geçirmegiň zerurdygyny nygtap, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, harmanhanalaryň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işlemegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem gant şugundyrynyň, güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almak üçin ähli tagallalaryň edilmelidigi tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz sebitiň durmuş meselelerini çözmäge we ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen ähli desgalarda gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanylmagyny üpjün etmäge gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Soňra göni wideoaragatnaşykda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar bilen çykyş etdi. Öňde boljak forumy guramaçylykly geçirmek, onuň maksatnamasyny we degişli resminamalary taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň türkmen jemgyýetiniň gurluşynyň gadymy edaralarynyň biridigini belläp, onuň berkarar döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda eýeleýän ornuna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynda eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan, halkymyzyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün edýän giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri hem-de demokratik reformalary amala aşyrmak bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny, möhüm döwlet çözgütleriniň kabul edilýändigini belledi.
Milli Liderimiz şu gezekki Halk Maslahatynyň Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylyna gabat gelýändigini aýdyp, umumymilli forumy ýokary derejede guramak we geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz sanly aragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatyny jemläp, garalan meseleleriň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz möhüm wezipeleriň birnäçesini, şol sanda oba hojalygyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly ulgamy netijeli peýdalanmak, tohumçylyk-seçgi işlerini geçirmek, oba hojalyk we maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, oba hojalygynda telekeçileriň ornuny işjeňleşdirmek ýaly wezipeleri kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmäge, halkymyzyň abadan, döredijilikli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.