Türkmenistanyň Prezidenti bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Milli Liderimiz Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysyny Tatarystanyň döwlet Baştutany wezipesine geçirilen saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi dostlukly ýurduň ýolbaşçysynyň respublikada jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyň we durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasatyna ýokary ynam bildirilýändiginiň hem-de giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rustam Minnihanowa alyp barýan jogapkärli işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşan ýurduň ilkinji Prezidenti, häzirki wagtda Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewe hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy.
Prezident Rustam Minnihanow mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň üýtgewsiz dostlukly häsiýete eýedigini we ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nygtady.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen hem-de tatar halklarynyň asyrlaryň dowamynda medeniýetleriň we diniň, diliň hem-de däp-dessurlaryň umumylygyna daýanýan doganlyk gatnaşyklary saklaýandygy aýratyn bellenildi. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlarynyň yzygiderli alyp barýan wajyp hyzmatdaşlyk gatnaşyklary netijesinde, sebit derejesinde ikitaraplaýyn özara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär.
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ýola goýulýan doly möçberli hyzmatdaşlygyň çäklerinde tagallalaryň utgaşdyrylmagy arkaly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ýygjam häsiýete eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Söhbetdeşligiň dowamynda köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň gün tertibinde soňky ýyllarda kuwwatly itergä eýe bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Işewür düzümleriň ulgamy boýunça göni aragatnaşyklary ýola goýmak arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Şol birwagtyň özünde netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklar, ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk işjeň ýola goýulýar. Bu ugurlarda özara gatnaşyk boýunça asylly däplere eýe bolan baý tejribe toplanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine Prezident Rustam Minnihanowyň goşýan goşandyna ýokary baha berilýändigini belläp, abadançylygyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça netijeli gatnaşyklaryň we bilelikdäki işleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikler, Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.