Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň gatnaşmagynda geçirilen wideoduşuşyk tertibindäki maslahatda COVID-19
pandemiýasy mahalynda maglumatlary netijeli ýaýratmagyň ähmiýeti barada gürrüň edildi.

Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli amala aşyrylýan Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň baştutany hanym Kristina Weýgand maslahatyň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň COVID-19 ýokanjynyň öňüni almakda we adamlaryň, aýratyn-da çagalaryň saglygyny goramakda möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly maglumatlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmegiň netijeli usullaryny işläp taýýarlamak we olary ulanmak Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan işlere ýokary baha berildi.

“Töwekgelçilik hakynda maglumat bermegiň möhüm ugurlary: mekdepleriň açylmagy we ene-atalar üçin habar berilmegi” hem-de “Sebitleýin tejribe we öňdebaryjy tejribäniň ugurlary” mowzuklarynyň tanyşdyryş çäreleri guraldy.

Wideomaslahata gatnaşyjylar häzirki zaman jemgyýetiniň durmuşynda täze tehnologiýalara möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, degişli onlaýn serişdelerini we ikitaraplaýyn taslamalary mundan beýläk-de öňe ilerletmek üçin sanly ulgamy işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler.