Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen 87-nji mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek bilen, GDA-nyň çäklerinde hem bu gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçen ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde kabul edilen GDA gatnaşyjy döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şu mejlisiň barşynda ykdysady hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça pikir alşyldy, birnäçe resminamalara garaldy.

Hususan-da, 2020-nji ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň ykdysady ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy netijeleri hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin şeýle strategiýanyň birinji tapgyryny (2021 — 2025-nji ýyllar) durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyna hem-de GDA gatnaşyjy ýurtlaryň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin innowasiýa hyzmatdaşlygynyň Döwletara maksatnamasynyň taslamasy baradaky maglumatlar diňlenildi.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisini şu ýylyň dekabr aýynda Moskwada geçirmek göz öňünde tutulýar.