TÜRKMENISTAN BILEN UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA WIDEOMASLAHAT GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitriý Kulebanyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri boýunça işjeň ýagdaýda pikir alşyldy hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriniň derejesine garaldy. Taraplar hökümetara gatnaşyklarynyň ilerledilmeginde ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm orny barada aýtdylar. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň berkidilmeginiň zerurlygy bellenildi.

Iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýändigi barada aýdyp, ministrler halkara gün tertibiniň birnäçe meselesine bolan garaýyşlaryň birmeňzeşligini nygtadylar. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerindäki özarahereketleriň ýokary derejesi barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly we ykdysady ösüşi saklamaga gönükdirilen degişli başlangyçlaryň özara goldanylmagy bellenip geçildi.

Şeýle-de taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ukrain kompaniýalarynyň Türkmenistanda, hususan-da, gurluşyk we demirýol tehnikasynyň üpjünçiligi babatynda netijeli iş tejribesi barada aýdyldy. Iki ýurduň degişli edaralarynyň arasyndaky ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynda Ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-ukrain toparynyň ähmiýetli orny bellenildi.

Ministrler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Dostlukly ýurtda okaýan türkmen talyplaryna berlen goldawlar üçin ukrain tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Bilelikdäki medeni çäreleriň guralmagynyň mümkiçiliklerine hem garaldy.

Geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2020-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekdiler.