Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy çagyrdy. Wise-premýer Hökümetiň şu ýylyň 4-nji sentýabrynda bolan mejlisiniň barşynda 2020-nji we 2021-nji ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň çaklamasyny taýýarlamak barada berlen tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Makroykdysady görkezijilere geçirilen seljermelere laýyklykda, 2020-nji ýylda jemi içerki önümiň 5,8 göterim artyp, şunda umumy jemde senagat pudagynyň paýynyň — 27,1 göterim, oba hojalygynyň — 11,4 göterim, gurluşyk pudagynyň — 8,6 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynyň — 11 göterim, söwdanyň — 19,3 göterim we hyzmatlar ulgamynyň paýynyň — 22,6 göterim möçbere deň bolmagy meýilleşdirilýär.
Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlar bilen baglylykda, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýete goýulýan maýa goýumlarynyň möçberiniň şu ýylda jemi içerki önümiň 19,4 göterimine deň bolmagyna garaşylýar.
Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 15-nji maýyndaky Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum maksatnamasynyň deslapky taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Resminamalar milli Liderimiziň ykdysady strategiýasyndan we tabşyryklaryndan hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp taýýarlanyldy.
Şunda dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, pudaklaryň Prezident maksatnamasynda 2021-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan ösüş görkezijileri olaryň hakyky mümkinçiliklerine we emele gelmegine garaşylýan hasaplamalara laýyklykda takyklanyldy.
Wise-premýer geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada hasabat berip, çykdajy we girdeji böleklerinde göz öňünde tutulan serişdeler barada habar berdi. 2021-nji ýylda maliýe serişdeleriniň uly möçberi bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygy, döwlet hyzmatlary ulgamlaryny ösdürmäge gönükdiriler. Şonuň bilen birlikde, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň önümçilik we durmuş-medeni ulgamlaryna maýa goýumlary gönükdiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň ykdysadyýet we maliýe meseleleri boýunça esasy hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, ykdysady babatda geljek ýylyň hem şu ýyl ýaly çylşyrymly bolmagyna garaşylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ähli meselelerine ýene-de bir gezek düýpli seretmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we resminamanyň taslamasy işlenip tamamlanandan soň, ony Türkmenistanyň Mejlisine ibermegi tabşyrdy.
Degişli Permana laýyklykda, geljek ýylyň Döwlet býujetinde zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny we döwlet kömek pullaryny mundan beýläk-de köpeltmegi, beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberlerini ýokarlandyrmagy, şeýle hem her şäherde we etrapda maýyplara we mätäç raýatlara ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny dowam etmek üçin serişdeleri göz öňünde tutmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny» durmuşa geçirmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyza «Türkmenistanyň ilatyna gaz bermegiň Kadalaryny» hem-de «Türkmenistanda kärhanalaryň we guramalaryň gazy peýdalanmagynyň Kadalaryny» kämilleşdirmek, olary döwrüň talaplaryna kybap getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Hususan-da, olarda iberilýän gazy hasaba almagyň, hasaplaşyklary nagt we nagt däl görnüşde geçirmegiň düzgünleri, taraplaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi kesgitlenildi. Tebigy gazy sarp edijileriň howpsuzlyk kadalaryny berk berjaý etmekleri we howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelmeýän gaz geçiriji ulgamlary özbaşdak çekmekleri, şeýle hem tehniki talaplara laýyk gelmeýän gaz gurallaryny ulanmaklarynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreler göz öňünde tutuldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdeleriniň netijeli we rejeli ulanylmagynyň Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.
Ýurdumyzyň senagat pudagyny okgunly ösdürmek, ösüşi üpjün etmek hem-de halkymyzyň ykdysady-durmuş şertlerini gowulandyrmakda gaz pudagyna ähmiýetli orun berilýär.
Döwlet Baştutanymyz «mawy ýangyjyň» çykarylýan möçberini yzygiderli artdyrmagyň, ýaşaýyş we jemagat hojalyk desgalaryny, senagat kärhanalaryny gazlaşdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz önümçilik we durmuş ulgamlaryna döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, şeýle hem tebigy gazyň sarp edilişini hasaba alyş ulgamlaryny giňden ornaşdyrmak barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, agrotehniki kadalara laýyklykda ekişi geçirmek, şol sanda oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bökdençsiz işlemegini, önüm öndürijileri bugdaýyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görüldi. Welaýatlaryň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna laýyklykda, bugdaý ekiljek ýerlerde tagt suwuny tutmak hem-de ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak boýunça degişli işler geçirilýär.
Pagta ýygnamak, ýygnalýan hasyly harmanhanalara eltmek boýunça işler gyzgalaňly dowam edýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny kombaýnyň kömegi bilen ýygnap almak üçin gowaçalaryň ýapragyny düşürmek boýunça zerur işler geçirilýär.
Wise-premýer ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli 28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda we welaýatlarda geçiriljek baýramçylyk atçapyşyklarynyň maksatnamasyny hödürledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, dokma senagatyny gymmatly çig mal bilen üpjün etmek üçin ähmiýeti uly bolan pagta ýygym möwsümini geçirmegiň ähli meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Güýzlük bugdaý ekişi hem ýurdumyzyň daýhanlary üçin jogapkärli möwsüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyzy wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ýurdumyzda geçirilýän atçylyk sport ýaryşlary halkymyzyň bu ugurda däp-dessurlaryny has-da ösdürmäge, milli buýsanjymyz bolan – asyrlaryň dowamynda şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň tutuş dünýä tanalmagyna ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan çäreleriň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy.
Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen önümçilik we durmuş maksatly desgalarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hem habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere ähli desgalaryň, ilkinji nobatda, öňde boljak şanly sene —hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli bina edilýän desgalardaky gurluşyklaryň barşyna we hiline berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň möhümdigine ünsi çekip, şol desgalardaky gurluşyk we bezeg işleriniň bellenen möhletlerde takyk tamamlanmagy üçin zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny senagatlaşdyrmaga tarap pugta ugur alan Türkmenistan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümler bilen içerki bazaryň isleglerini üpjün etmäge gönükdirilen Diýarymyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmaga aýratyn möhüm ähmiýet berýär.
Milli Liderimiz «Balkan welaýatynda bazalt inçe süýüminden, mineral pamykdan ses we ýylylyk saklaýjy materiallary öndürýän kärhanany gurnamak hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly iberip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň işini kämilleşdirmek we tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda» kesgitlenilen wezipeleriň çözülişi babatda yzygiderli esasda amala aşyrylýan işler barada hem habar berdi.
Pudaklaýyn düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, iň öňdebaryjy enjamlary we täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň netijesinde, ýurdumyzda aragatnaşygyň, sanly tele hem-de radio gepleşikleriň ýaýbaňlandyrylan ulgamy üstünlikli hereket edýär, elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyrylýar.
Häzirki zaman telefon beketleriniň ösen ulgamy giň gerimli internete birikmek we maglumatlary geçirmek üçin ýokary tizlikli ýaýlymlary üpjün edýär. Ykjam aragatnaşygyň «Altyn asyr» milli operatorynyň müşderiler ulgamy barha artýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, munuň bolsa pudaklaryň işini döwrüň talaplaryna laýyk döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi sanly ulgamyň ösdürilmegini ilerletmek we intellektual ulgamlaryň işini üpjün etmek boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýär, şol sanda milli tor giňişligini, internet hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek babatda işi üpjün edýär. Milli Liderimiz taýýar çözgütleri diňe daşary ýurtlardan almaga däl, eýsem, öz ýurdumyzdaky ylmy-tehnologiýa mümkinçiliklerine esaslanan sanly nusgany kemala getirmekden ugur alyp, öňdebaryjy tejribäni we ösüşlere beslenen işleri mundan beýläk-de öwrenmegiň hem-de özleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz döredilen şertlerden we mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, degişli işleri yzygiderli amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Döwlet haryt-çig mal biržasyny açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, onuň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek hem-de açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklip hödürlenildi.
Biržanyň işiniň ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurtlara ýerlemekden ybaratdygyny nazara alyp, paýdarlar hökmünde eksporta niýetlenen önümleri öndürýän kärhanalaryň paýly gatnaşmagy hem-de paýnamalaryň belli bir bölegini «Aşgabat gazna biržasynyň» üsti bilen TSTB-siniň agzalary bolan hususy taraplara ýerlemek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän edaralaryň we kärhanalaryň sanawynyň taýýarlanylyşy barada habar berildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň hemme pudaklaryny gurşap alýan
ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmekde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine ähmiýetli orun berlendigini nygtady.
Biržanyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin bazaryň täze şertlerinde birža söwdalarynyň esasyny emele getirýän birnäçe ugurlar boýunça işleri işjeňleşdirmek zerurdyr. Dünýä tejribesinden ugur alyp, biržanyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň depginini çaltlandyrmak möhüm bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet haryt-çig mal biržasyny paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky meselä ünsi çekip, dünýä tejribesinde haryt-çig mal biržalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň, esasan, paýdarlar jemgyýetleri görnüşindedigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde, biržada baglaşylan geleşikleriň dolanyşygynyň hem-de onuň girdejileriniň ep-esli artdyrylmagyny gazanmagy başartjakdygyny nygtap, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulýan halkara medeni çäreleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş baýramy hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulýan medeni çäreleriň, umuman, täze taryhy döwrüň döredijilikli ruhuny özünde jemleýän ähli çäreleriň döwrebap kämilleşdirilýän milli däp-dessurlarymyzyň esasynda ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň, medeni we döredijilik alyşmalarynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, degişli ugurda däbe öwrülen aragatnaşyklary giňeltmek boýunça işleri dowam etmegi, bu maksat bilen öňdebaryjy sanly tehnologiýalary işjeň ulanmagy üpjün etmek babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi. Çünki bu ugurdaky hyzmatdaşlyk ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de özara düşünişmegi berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-önümçilik merkezleriniň ulgamyny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň toplumlaýyn, öňdebaryjy gazanylanlaryň esasynda ösdürilýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, esasy halkara guramalary we dünýäniň dürli ýurtlary bilen ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge uly üns berilýär.
Milli Liderimiziň başyny başlan strategik maksatnamalarynyň we düýpli özgertmeleriniň çäklerinde hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, daşary ýurtlaryň ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. Amala aşyrylýan işler ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilendir.
Wise-premýer ylmy-barlag institutlarynyň ýokary okuw mekdepler bilen aragatnaşygyny pugtalandyrmak hem-de ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen işleri toplumlaýyn alyp barmak boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda ylmy-önümçilik merkezleriniň ulgamyny giňeltmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezini hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutynda Ulag-logistika ylmy merkezini döretmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, okgunly ösýän Türkmenistanyň häzirki wagtda halkara ykdysady, medeni we tehniki giňişlige işjeň goşulyşýandygyny hem-de durmuşyň ähli ulgamlaryna innowasiýalary çekmegiň işjeň tarapdary bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň ylmyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň we ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geçirilýän ylmy-barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň örän wajypdygyny nygtap, wise-premýere ylmy-barlag edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, ylmy işi höweslendirmek we giň gözýetimli ýaş alymlary taýýarlamak boýunça möhüm çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamanyň üstünde işlemegiň zerurdygyny aýdyp, ylmy işiň has möhüm ugurlaryny içgin seljermegiň we ylmy-barlaglaryň netijelerini çaltlyk bilen önümçilige ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hazar deňzi sebitinde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarýaka döwletleri bilen köpugurly netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barýan giň gerimli işiniň ähmiýeti nygtaldy.
Häzirki wagtda ýurdumyz Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça yzygiderli ädimleri ädýär. Milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini we beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, uzakmöhletleýin maksatnamalar taýýarlanylýar. Bu babatda toplumlaýyn resminamanyň — Türkmenistanyň Milli Deňiz Strategiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Onuň gutarnykly taslamasyny taýýarlamak üçin ýörite Pudagara iş toparyny döretmek teklip edilýär.
Hazarýaka ýurtlary bilen şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ösdürmek hem möhüm mesele bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň 2007-nji ýylda Tähranda, 2010-njy ýylda Bakuda hem-de 2014-nji ýylda Astrahanda beýan eden başlangyçlarynyň esasynda Hazarda özara gatnaşyklar babatda möhüm bäştaraplaýyn resminamalar kabul edildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylda Aktau şäherinde geçirilen V Hazar sammitinde öňe süren tekliplerinden ugur alnyp, Hazar deňzinde ylmy-barlaglary hem-de gözleg-halas ediş işlerini geçirmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Hökümetara Ylalaşyklarynyň taslamalary boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şeýle hem Hazar deňzinde biologiki serişdeleriň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilik) garşy göreşmek we Hazarda ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Teswirnamalaryň taslamalary taýýarlanyldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde täze Hazar ekologiýa maksatnamasynyň Konsepsiýasynyň maksatnamasy taýýarlanyldy. Bu resminama Hazarýaka döwletlerine öwrenmek we geljekde bilelikde seretmek üçin iberildi.
Ýokarda aýdylanlary nazara alyp, bäştaraplaýyn hyzmatdaşlyk gurallarynyň işini işjeňleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda Hazarýaka döwletleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklary we maslahatlaşmalary guramak teklip edilýär.
Şeýle hem milli Liderimiziň Türkmenistanda VI Hazar sammitini we birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyçlarynyň Hazarýaka döwletleriniň doly goldawyna mynasyp bolandygy bellenildi. Birinji Hazar ykdysady forumy geçen ýylyň awgust aýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilip, halkara ähmiýetli möhüm waka öwrüldi.
VI Hazar sammitine ykjam taýýarlyk görmek maksady bilen, Hazar deňzi institutynda Utgaşdyryjy merkeziň (sekretariatyň) döredilmegi we şunuň bilen baglylykda, degişli Pudagara toparynyň mejlisini 19-njy sentýabrda geçirmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk we “açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.
Ýurdumyz parahatçylyk, dostluk we ylalaşyklylyk deňzi hökmünde gojaman Hazaryň derejesini pugtalandyrmaga saldamly goşant goşup, özara bähbitli uzakmöhletli hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny döretmäge gönükdirilen köptaraplaýyn gepleşikleriň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär.
Döwlet Baştutanymyz Hazar sebitiniň uglewodorod serişdeleriniň uly tebigy gorlaryna eýedigini, yklym derejesindäki ulag-üstaşyr merkez, halkara söwdany giňeltmek üçin geljegi uly giňişlik bolup durýandygyny belledi.
Şunuň bilen birlikde, Hazar deňzi özboluşly haýwanat we ösümlik dünýäsi bolan täsin ekologiýa ulgamydyr. Munuň özi ylmy-barlaglar we ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň, «ýaşyl diplomatiýany» ýola goýmagyň wajypdygyny şertlendirýär. Şunuň bilen birlikde, Hazar deňziniň gözel tebigaty, baý taryhy we medeniýeti oňa iň meşhur syýahatçylyk ugurlarynyň biri bolmaga mümkinçilik berýär.
Şoňa görä-de, Hazar sebitiniň ykdysady ösüşini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna hem-de deňizýaka ýurtlarynyň däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini çözmäge üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi. Häzirki wagtda bu ähmiýetli syýasy çäräni şu günüň talaplaryna laýyklykda hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň parlamenti tarapyndan ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de häkimlikler bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar.
Bu gezekki taryhy ähmiýetli maslahatda kabul ediljek kararlar ata-baba döwletlilik ýörelgelerini täze derejelere galdyryp, milli Liderimiziň geljek nesillere binýady berk tutulan demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň mäkäm binýadyny berkitmek boýunça netijeli başlangyçlaryny amala aşyrmakda möhüm ädimleriň birine öwrüler.
Şeýle hem öňde boljak umumymilli forumyň guramaçylyk meseleleri, Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamagyň netijeleri, şeýle hem Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda has tapawutlanyp zähmet çekýän raýatlarymyza döwlet sylaglaryny gowşurmak boýunça çärelere taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramak boýunça meýilleşdirilen işleri talabalaýyk geçirmegiň möhümdigini belledi.
Halkyň saýlanlarynyň ýerlerde hem-de habar beriş serişdelerinde umumymilli forumyň hem-de onda kabul ediljek çözgütleriň, ozaly bilen Konstitusion kanunyň syýasy, jemgyýetçilik we taryhy ähmiýetini düşündirmegi möhümdir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu çäre Garaşsyz Watanymyz, mähriban halkymyz üçin taryhy waka öwrülip, döwlet dolandyryş ulgamynda demokratik kadalaryň dabaralanmagyny aňladar.
Döwlet Baştutanymyz berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşantlaryny goşan ildeşlerimizi sylaglamak mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ähmiýeti barada aýdyp, olary degişli derejede geçirmek barada görkezme berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, Halk Maslahatynyň mejlisini guramak boýunça işlere dahylly bolan ähli düzümleriň sazlaşykly işlemeginiň möhümdigini aýtdy. Umumymilli forum degişli derejede, kesgitlenen talaplaryň hem-de ýurdumyzda hereket edýän kanunlaryň berk berjaý edilmegi esasynda geçirilmelidir.
Milli Liderimiz wise-premýerlere gözegçilik edýän ulgamlarynyň ugurlaryna laýyklykda anyk görkezmeleri berip, öňde boljak foruma taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hasabat berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimize, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan boşatmak hem-de ýurdumyzyň raýatlaryny harby gulluga nobatdaky gezek çagyrmak hakyndaky Permany we Buýrugy ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň özbaşdak döwlet hökmünde mähriban Watanymyzyň goranyş ukybyny saklamaga, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamany yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi.
Milli goşunymyzyň kuwwaty ýurdumyzyň parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň bähbidine, halkymyzyň abadan durmuşyny goramaga hyzmat edýär. Bu bolsa Bitaraplyk hukuk derejesine daýanýan we diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinada beýan edildi.
Harby bölümleriň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň döwrebap ýaraglar we tehnikalar bilen üpjün edilişine, şahsy düzümiň söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejede saklanylmagyna, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň durmuş taýdan üpjünçiligine uly üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesi mynasybetli harby ýörişiň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy, şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.