Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ykdysady üstünlikleriniň sergisine we sanly ykdysadyýet boýunça maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisiniň we «Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Türkmen döwletiniň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu serginiň we maslahatyň uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin!

Bu gün garaşsyz ösüşiň 29 ýyllyk toýuny toýlaýan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda öňdäki orunlary eýelemek bilen, ösen tehnologiýalara, innowasiýalara esaslanýan, ýokary depginler bilen ösýän, döwletli tutumlaryň dabaralanýan Watany hökmünde tanalýar. Sebit we dünýä ýurtlarynyň abadançylygyna gönükdirilen başlangyçlarymyz halkara jemgyýetçilikde uly goldaw tapýar hem-de Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraýyny barha belende göterýär.

Ata Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň täze belentliklere çykmagy bilen, halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş derejesi barha ýokarlanýar. Çünki Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hemme ugurlarynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan ösüşler, ýetilýän belent sepgitler bir maksada — halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Eziz watandaşlar!

Binýady berkden tutulan berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň aýdyň nyşany bolan mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen halkyny uly ösüşlere ýetirdi. Taryhy nukdaýnazardan uzak bolmadyk döwürde ýurdumyz ýüzýyllyklara barabar ýoly geçdi, ähli ugurlarda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, belent sepgitlere ýetildi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde giň gerim bilen gurlup işe girizilýän häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalar, olarda öndürilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply önümlerimiz bu gün halkara bazarlarynda barha giň orun alýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalanmagyna, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş maksatly döwrebap binalaryň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, bilim-terbiýeçilik, saglygy goraýyş edaralarynyň, üpjünçilik ulgamynyň desgalarynyň gurlup, halkyň hyzmatyna berilmegi bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämiziň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Hut şonuň üçin hem, bu gün uly dabara bilen açylýan sergi öz Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk toýuny baýram edýän berkarar döwletimiziň milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanan üstünlikleriniň, guwandyryjy sepgitleriniň, nesillerimiziň bagtyýar zamanada sagdyn bedenli, bilimli ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan işlerimiziň netijesinde halkymyzyň ýeten beýik derejeleriniň aýdyň beýany boldy.

Biz ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen ýurdumyzyň ynamly ösüşini üpjün etmek ugrunda mundan beýläk-de möhüm işleri durmuşa geçireris. Berkarar döwletimizi mundan beýläk-de güýçli depginde ösdürmek, ata Watanymyzy dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek ugrundaky işlerimizi üstünlikli dowam ederis.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!

Ata Watanymyzyň beýik geljegini aňladýan mukaddes Garaşsyzlygymyz döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, ykdysady we durmuş taýdan ösüşlerimiziň mizemez binýady bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işlerimiz we düýpli özgertmelerimiz beýik maksada — Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge hem-de mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Şu gün dabara bilen açylyp, öz işine başlaýan giň möçberli çäreler hem ýurdumyzyň dürli ugurlarda, ykdysady pudaklarda we durmuş üpjünçiliginiň ulgamlarynda gazanan sepgitleri bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik döreder.

Hormatly adamlar!

Sizi Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisiniň we «Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, berkarar Watanymyzyň mizemezligi we pajarlap ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.