TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI SESSIÝASYNDAKY ÇYKYŞYNDA EKOLOGIKI ÇÖKGÜNLIGI ÇÖZMEK ÜÇIN ÝURTLARYŇ GÜÝJÜNI BIRLEŞDIRMEKLERINI TEKLIP ETDI

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeligi başlady.

Bu, şu günki günde adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan çözmesi ýeňil bolmadyk meseleleriň çögüdini tapmaklygy ara alyp maslahatlaşmak üçin ýurtlaryň arasyndaky dialogy berkitmekde ýeketäk platforma bolup çykyş edýär. BMG-niň ştab-kwartirasynyň zalyndaky uly ekranlarda ilkijinleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Beridmuhamedowyň çykyşy ýaýlyma berildi.

Türkmen Baştutany özüniň ýüzlenmesinde halkara gün tertibiniň birnäçe aspektleriniň möhüm meselelerinde durup geçdi we taraplary BMG-niň çäklerinde güýçleri berkitmeklige çagyrdy. Ol halkara bileleşiginiň ünsüni müňlerçe adamyň saglygyny howp astynda goýýan Aral deňziniň basseýniniň ekologiki çökgünligine jemlemegiň zerurdygyny belledi.

Aral betbagtçylygy hakda aýtmak bilen, pandemiýa ýagdaýy bilen baglylykda, Prezident şeýle diýdi: “ýokanjyň giňden we çalt ýaýramak howpy ep-esli ýokarlandy”. Degişlilikde döwlet Baştutany dünýä bileleşigini Aral we Aralýaka meselelerine aýratyn üns bermäge çagyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan  bu ugurda uly işleri amala aşyrýar, şol bir wagtyň özünde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna geçen ýylda başlyklyk etmeginiň çäginde degişli işleri amal etdi. Özüniň başlyklyk edýän döwründe Türkmenistan beýleki agza döwletler hem-de halkara institutlar bilen Gaznanyň işini durmuşa geçirmekde möhüm goşant goşdy. Muňa garamazdan, döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, “Araly halas etmek işinde has giň çäreler, şol ýerlerde ýaşaýan adamlara iş ýüzünde anyk kömek we goldaw zerurdyr”.

Şeýlelikde Türkmenistanyň Prezidenti Aral meselesinde ulgamlaýyn çemeleşmäniň, degişli resminama-hukuk üpjünçiligiň zerurdygyna hem-de oňa Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn bir ugry hökmünde seredilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Aral deňziniň gurşawy üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek boýunça başlangyjy öňe sürdi we 2018-2019-njy ýyllarda bolsa, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda” atly rezolýusiýalar kabul edildi.

 Aral meselesini çözmegiň halkara-hukuk esaslaryny döretmek boýunça işleri ösdürip, 2021-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş toparynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde Türkmenistan Aral boýunça geljekki Ýörite maksatnamanyň konsepsiýasynyň ilkibaşky taslamasyny we düzümini hödürlejekdigi aýratyn bellenildi. Türkmenistanyyň Prezidenti gyzyklanma bildirýän taraplary bu işlere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.