ABŞ-NYŇ HALKARA ÖSÜŞ AGENTLIGINIŇ WEKILLERI BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň Türkmenistandaky wekili N.Nadiradze bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň başynda N.Nadiradze türkmen tarapyny ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni, şeýle-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de türkmen halkyna parahatçylyk we asudalyk arzuw etdi. W.Hajiýew öz gezeginde N.Nadiradzeny ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň Türkmenistandaky wekili hökmünde täze wezipesi bilen gutlap, bu jogapkärçilikli işinde üstünlikler arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we olary täze derejä çykarmagyň zerurlygy barada bellediler. 2021-nji maliýe ýyly üçin Türkmenistanyň täzelenen Ýol kartasynyň meseleleri barada pikir alşyldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen birnäçe bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ýoly arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipler orta atyldy.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we Owganystanda parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmekdäki gyzyklanmasy, şeýle-de ýurduň bu meseledäki oňyn tejribesi barada bellenip, ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky “С5+1” hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde bu ugurdaky bilelikdäki tagallalary birleşdirmek boýunça teklipler orta atyldy.