Türkmenistanyň Pekindäki Ilçihanasy Halkara parahatçylyk güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

21-nji sentýabrda Pekiniň «Parahatçylyk bagy» (Peace Garden Museum) Muzeýinde diplomatik wekilhanalaryň wekilleri ÝuNESKO, Hytaýyň bütindünýä parahatçylyk gaznasy, Pekiniň halkara medeniýet gaznasy we beýleki hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen bilelikde Halkara parahatçylyk gününe bagyşlanan «Parahatçylyk festiwalyny» geçirdiler.

Çärä 300-den gowrak adam, ýene-de Hytaýyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan onlarça bilermen onlaýn-görnüşde gatnaşdylar. Hytaýyň bütindünýä parahatçylyk gaznasy BMG-nyň we ÝuNESKO-nyň ygtyýarly hyzmatdaşy bolandygy üçin çäre şu abraýly halkara guramalarynyň howandarlygynda geçirildi.

Onuň açylyş dabarasynda Hytaýyň bütindünýä parahatçylyk gaznasynyň baştutany Li Ruohong çykyş edip, ÝuNESKO-nyň Baş sekretary Odri Azuleniň gutlag hatyny okady. Şeýle hem Essam Şaraf (Müsür), Sujata Koiral (Nepal) we Muşahid Husseýn (Pakistan) ýaly belli syýasatçylar wideoýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Çärä gatnaşanlaryň öňünde ÝuNESKO-nyň wekili Robert Parua, Alžiriň ilçisi Asiýen Buhelfa, Pakistanyň ilçisi Moin ul Hak, Kabo-Werdeniň ilçisi Tania Romulado, Namibiýanyň ilçisi Elia Kaýýamo, Awstriýanyň ilçisi Fridrih Ştift, Türkmenistanyň ilçisi Parahat Durdyýew, Palestinanyň ilçisi Fariz Mehdawi, şeýle hem Pakistanyň halkara mekdebiniň direktory Şaziýa Amjad çykyş etdiler.

Diplomatlar hem-de syýasatçylar parahatçylygy we ynanyşmagy saklap galmaga, durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygy jebisleşdirmäge gönükdirilen uly möçberli çäräniň ähmiýetini bellediler. Medeniýet ideýasy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň mümkinçiligini halkara durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny saklap galmagyň bähbidine ulanmak pikiri çykyşlaryň ählisiniň içinden eriş-argaş bolup geçdi.

Ilçi Parahat Durdyýew ýurdumyzyň köpugurly halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlap amala aşyrýan çäreleri barada gürrüň berdi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk ýubileýine gabatlanýan tematiki çäreler barada habar berdi. Çykyşyň dowamynda ýurdumyzyň BMG-nyň meýdançasynda durnukly ulag, energetika, ekologiýa ulgamlarynda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýlay, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk we gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen deňhukukly özara peýdaly hyzmatdaşyk ýörelgelerine eýerýän daşary syýasat ugruny amala aşyrýar, köpugurly oňyn gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezýär. Ýurdumyzyň Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga we onuň durmuş-ykdysady taýdan dikelmegine goşýan goşandy bellenildi. Şu jähtden TOPH we «Lýapis Lazuli» ýaly iri taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde diketlmek baradaky başlangyjy bilen Hytaýyň lideriniň «Guşaklar we Ýollar» başlagyjynyň ugurdaşlygy bellenildi.

Türkmenistanyň ilisiniň çykyşy wagty ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazananlary we daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekdäki üstünlikleri barada wideoşekiller görkezildi.

Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we halkara guramalarynyň wekilleri parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderileri uçurdylar, şeýle hem Parahatçylygyň simwoliki tohumyny ekdiler.

Festiwlayň çäklerinde ÝuNESKO-nyň howandarlygynda guralan «Ýüpek ýoly ýaşlaryň gözi bilen» atly fotosuratlar bäsleşiginiň jemi jemlendi, Zenanlar bagty halkara forumyna badalga berildi, başga-da birnäçe çäre geçirildi. Baýramçylyk festiwaly modaly lybaslaryň we häzirkizaman dizaýnerlik sungatynyň ýeten derejesiniň görkezilişi bilen jemlendi.