Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.
Mejlisiň barşynda Halk Maslahatynyň mejlisine we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli çärelere taýýarlyk görlüşi baradaky meselelere, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine, halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň beýleki ugurlaryna garaldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, däp bolşy ýaly, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň ýurdumyzyň baş baýramynyň öň ýanynda günäleriniň geçilýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow jenaýat edendikleri üçin iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler hem-de degişli resminamalaryň taslamasynyň taýýarlanylandygy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 812 raýatymyzyň hem-de 3 sany daşary ýurtly raýatyň ýurdumyzyň durmuşyndaky nobatdaky şanly sene mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permanlara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara ýüzlenip, günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Soňra milli Liderimiz Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 3-nji iýulyndaky “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hakynda” Kararynyň ýerine ýetirilişi hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, umumymilli forumyň guramaçylygyny maliýe taýdan üpjün etmekligi şu ýyl üçin Döwlet býujetinde goýlan hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýerli býujetleriniň hasabyna amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Wise-premýer baş döwlet baýramyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hem hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmegiň hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow döwlet Baştutanymyzyň nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrmak bilen bagly ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy, şeýle hem Halk Maslahatynyň mejlisini we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy bilen bagly çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň mejlisini we Garaşsyzlyk gününi ýokary derejede geçirmäge zerur taýýarlyk işleri görüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlaryna ünsi jemledi, bu resminama laýyklykda, döwletimiz senagatyň esasy pudaklaryny, şol sanda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge uly möçberde maliýe serişdelerini gönükdirýär.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň nebitgaz senagatyna iň täze ylmy-tehniki işleri, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleriň gerimini giňeltmegi tabşyrdy. Bu işler uglewodorodlaryň, taýýar önümleriň çykarylyşynyň möçberini artdyrmaga ýardam etmelidir. Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk görmek babatda wise-premýere degişli tabşyryklar berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda alnyp barylýan işler, ulag-kommunikasiýa toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilişi, pudagy mundan beýläk-de sanlylaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatyny dowam edip, wise-premýer Halk Maslahatynyň mejlisini we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy bilen bagly çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berdi. Ulag hyzmatlaryny amala aşyrmak üçin goşmaça awtobuslaryň bölünip berlendigi habar berildi. Şol ulaglar paýtagtymyzda hem-de şäherara ugurlar boýunça hereket eder. Ýolagçylara hyzmat etmek üçin taksileriň sany artdyryldy.
Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek, ony milli teleradioýaýlymlarda bermek boýunça degişli çäreler görüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek, sebit we yklymüsti ýollary ösdürmek boýunça biziň başlangyçlarymyzyň ulag ulgamynyň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegini talap edýändigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn düzümleri döwrebaplaşdyrmagyň, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.
Milli Liderimiz ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak babatda, aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşleriniň hödürlenilmeginde hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna yzygiderli gözegçilik edilmelidigine üns çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giň gerimli halkara taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belläp, möhüm düzümleýin desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we aragatnaşyk ulgamynyň öňünde durýan wezipeleri kesgitlemek bilen, ilkinji nobatda, ýolagçy gatnatmak ulgamynda edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri güýçlendirmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz ýolagçylara edilýän hyzmatyň medeniýeti bilen bagly meselelere aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu görkezmeleriň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara ýokary hilli aragatnaşygyň, telegepleşikler üçin ýokary tizlikli ýaýlymlaryň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynda durmuş-ykdysady strategiýanyň ýerine ýetirilişi, milli Liderimiziň bu ulgamyň öňünde goýan wezipeleriniň amala aşyrylyşy hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy bilen bagly çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hususan-da, söwda ulgamynda haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmak we hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ulgamy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň, söwda işine dünýä tejribesini hem-de kanunçylyk ulgamyny ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady.
Şeýle hem telekeçiligi işjeňleşdirmegiň hem-de ýurdumyzyň senagat taýdan bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, hususy başlangyçlary höweslendirmegiň, bu ugurda innowasion tehnologiýalary netijeli ulanmagyň zerurdygy nygtaldy. Milli Liderimiz bu meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Wise-premýere baýramçylyk günlerinde bölek-satuw haryt dolanyşygyny talabalaýyk derejede guramak üçin hemme zerur çäreleri görmek tabşyryldy. Şunda harytlaryň, şol sanda azyk önümleriniň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň ýokary hiline aýratyn üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Halk Maslahatynyň mejlisini we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, paýtagtymyzy ösdürmek babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnama laýyklykda, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inžener-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar.
Medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde hem-de seýilgählerde abatlaýyş we abadanlaşdyryş işleri yzygiderli geçirilýär. Bularyň ählisi baýramçylyk dabaralaryny ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçirmegi üpjün etmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmaly desgalaryň gurluşygynda giň gerimli işler dowam edýär. Öňde boljak syýasy we medeni-köpçülikleýin çäreleri, hususan-da, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça işler degişli derejede alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň iň ýokary derejede geçirilmegi üçin öňde boljak dabaralara örän çynlakaý taýýarlyk görmegiň möhümdigini nygtady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk güni mynasybetli esasy dabaralaryň geçýän ýerine öwrüljek Aşgabadyň ýokary derejesini saklamaga berilýän ähmiýeti belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanmagynyň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Halk Maslahatynyň mejlisini we Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy bilen bagly çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şu günler, ilkinji nobatda, ugurdaş ylmy-amaly maslahatlary guramak hem-de Diýarymyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde — gazetlerde, žurnallarda, telewideniýede we radioda birnäçe makalalary we gepleşikleri taýýarlamak arkaly Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini düşündirmek boýunça işleriň geçirilýändigi bellenildi.
Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýaşlar baş döwlet baýramy mynasybetli çärelere uly ruhubelentlik hem-de buýsanç bilen işjeň gatnaşýarlar.
Baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda, Halk Maslahatynyň wideoaragatnaşyk arkaly mejlisiniň geçiriljek ýerlerinde zerur goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen lukmançylyk bölümleri guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet Garaşsyzlygynyň güni mynasybetli meýilleşdirilen ähli çärelere hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz saglygy goraýşa degişli hemme çäreleriň berjaý edilişini hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine we beýleki möhüm çärelere gatnaşjaklaryň zerur goranyş serişdeleri bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ösüş derejesine Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan ähli beýik özgertmeleriň üstünlige beslenmegi köp babatda bagly bolan milli bilim we ylym ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işlere degişli käbir görkezmeler berildi.
Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, gyzyklanma bildirýän hemme hyzmatdaşlar bilen giň halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ýurdumyzyň rowaçlygynyň we mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň möhüm ýagdaýy hökmünde milli ykdysadyýetimiziň ähli esasy ulgamlarynda häzirki zamanyň innowasion işläp taýýarlamalaryny giňden ornaşdyrmagyň möhümdigine üns çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän ulgamynyň edaralary tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergileri guralar. Watanymyzyň baş baýramynyň hormatyna tassyklanan meýilnama laýyklykda, medeni-köpçülikleýin çäreleriň birnäçesi geçiriler.
Şeýle hem wise-premýer Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini degişli derejede geçirmek boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan zerur bolan degişli önümleriň taýýar edilendigi, umumymilli forumyň geçirilişini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gyzgyny bilen halka ýetirmek maksady bilen geçirilen guramaçylyk meseleleri barada habar berildi.
Şeýle hem döwlet sylaglaryna mynasyp bolan medeniýet ulgamynyň işgärlerini sylaglamak dabarasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän, halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýan şanly baýramçylygyň, şeýle hem taryhy çözgütler kabul ediljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň örän uly ähmiýeti barada aýdyp, wise-premýere ähli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi üçin anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy, oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi, şeýle hem Halk Maslahatynyň mejlisini we döwlet Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygynyň baýram edilmegi bilen bagly çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletde hem-de talabalaýyk geçirmek, şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny bökdençsiz işletmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleri dowam etdirilýär. Pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek we ýygnalýan hasyly pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Wise-premýer oba hojalyk toplumyna degişli ministrlik hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Halk Maslahatynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek nobatdaky mejlisine hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilýän çärelere guramaçylykly gatnaşmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hem-de welaýatlardaky atçylyk sport toplumlarynda baýramçylyk at çapyşyklaryny guramaçylykly geçirmek boýunça zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga ýardam etjek öňdebaryjy tehnologiýalary we oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny işe giňden ornaşdyrmak boýunça wezipeleriň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz pagta ýygymy we bugdaý ekişi möwsümlerini geçirmek bilen bagly guramaçylyk meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli çäreleriň geçirilişiniň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Halk Maslahatynyň mejlisini we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy bilen bagly çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, berkarar Watanymyzyň döwletliliginiň esaslaryny pugtalandyrmagyň hem-de kanunçylyk-hukuk binýadyny yzygiderli berkitmegiň hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan syýasatyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi.
Konstitusion özgertmeleri geçirmek başlangyjy bilen çykyş eden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan demokratik ösüş ýoly bilen yzygiderli öňe barýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlyklyk etmeginde ýylyň dowamynda Konstitusion toparyň mejlisleriniň 4-si geçirildi. Ýörite iş topary raýatlardan gelip gowşan köp sanly teklipleri öwrenip hem-de umumylaşdyryp, Konstitusion kanunyň degişli taslamasyny taýýarlady.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, bu iş türkmen halkynyň baý taryhy tejribesinden ugur alnyp hem-de dünýäniň häzirki ýagdaýy nazara alnyp amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze görnüşi halkara parlamentarizm ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öz içine alýar.
Şeýlelikde, öňümizdäki Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň iň täze taryhynda aýratyn ähmiýetli waka öwrüler.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, durmuşa geçirilýän konstitusion özgertmeleriň nobatdaky tapgyrynyň maksadynyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakdan, döwrüň talaplaryna, iň gowy milli we halkara tejribä laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylyk edarasyny döwrebaplaşdyrmakdan, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny we abraýyny berkitmekden ybaratdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine ýurdumyz üçin örän möhüm çözgütleriň kabul ediljek Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýakynlaşyp gelýän 29 ýyllygy mynasybetli dabaralara ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem şanly sene — ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi, Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly wezipeleri çözmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.
Habar berlişi ýaly, Ýaragly Güýçleriň edaralary tarapyndan Milli goşunymyzyň kuwwatyny hem-de goranyş ukybyny pugtalandyrmak, şahsy düzümiň söweşjeň we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça işler geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine hemişe ygrarlydygyny, bu derejäniň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm ýagdaýy bolup durýandygyny nygtady. Bu düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň düzgünlerine kybap gelýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, öňde boljak dabaraly harby ýörişiň Ýaragly Güýçlerimiziň kämil tehnikalary bilen üpjün edilendigini, mukaddes Garaşsyzlygyň gazananlarynyň, mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň abadan, döredijilik durmuşynyň goragynda sak durýan türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny we başarnyklaryny görkezmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biriniň ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemekden ybaratdygyny nygtap, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda ähmiýetli waka bolan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi baradaky meselelere üns çekip, Ýaragly Güýçleriň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipesiniň kanunylygyň we düzgün-tertibiň saklanylmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny nygtap, hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylaryna anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň çäklerinde Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.
Ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşynyň möhüm şanly senelerine bagyşlanan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga büremek we abadançylyk işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyna üns çekdi.
Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow häzirki döwürde ählihalk forumyny hem-de Garaşsyzlyk baýramçylygyny mynasyp derejede garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz şanly seneleri geçirmek boýunça görülýän çäreleriň döwrüň talabyna doly laýyk gelip, degişli derejede bolmalydygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew Halk Maslahatynyň mejlisine we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň şanly baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz tutuş ýurdumyz boýunça giňden bellenilýän baýramçylyk mynasybetli guralýan köpçülikleýin medeni çäreleriň, şeýle hem ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda oňyn çözgütleri kabul edýän Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmekde onuň guramaçylyk derejesine zerur ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow welaýatda Halk Maslahatynyň mejlisini we ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy bilen baglanyşykly medeni çäreleri ýokary derejede guramak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak dabaralara düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, ähli baýramçylyk çärelerinde ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň öz mynasyp beýanyny tapmalydygyny nygtady. Şeýle hem Halk Maslahatynyň mejlisiniň guramaçylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler sebitiň ähli etraplarynda we şäherlerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna guralýan baýramçylyk dabaralary, ählihalk forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralýan çäreleriň ýatda galyjy pursatlara beslenmelidigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge görlen taýýarlyk işleri we Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk senesi mynasybetli welaýatda guralýan baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orun eýeleýän we milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşinde, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagynda möhüm bolan oňyn çözgütleriň kabul edilýän ählihalk maslahatynyň guramaçylykly geçirilmegine aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlarda we Aşgabat şäherinde şanly seneler mynasybetli guralýan çäreler bilen bir hatarda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy hem-de bu babatda häkimlere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen görlen toplumlaýyn çäreler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, umumymilli forumda ara alnyp maslahatlaşylmaga çykaryljak resminamalaryň taýýarlanylyşy boýunça amala aşyrylýan işler, degişli guramaçylyk meseleleriniň çözülişi barada habar berildi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda telewideniýede we radioda mowzuklaýyn çykyşlar, metbugat neşirlerinde makalalar, “tegelek stoluň” başynda duşuşyklar, ýerlerde düşündiriş işleri ýurdumyzyň durmuşynda öňde boljak möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bagyşlandy.
Şeýle hem dürli pudaklarda zähmetde tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabaralaryna degişli taýýarlyklar görüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul ediljek çözgütleriň Türkmenistanda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda ygrarly bolup gelen hakyky halk häkimiýetliliginiň esaslaryny pugtalandyrmak ýolunda ýene-de bir anyk ädime öwrüljekdigini, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge hyzmat etjekdigini belledi.
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi berkarar, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhynda ähmiýetli waka bolup, häzirki türkmen jemgyýetinde demokratik işleri has-da ösdürmäge ýardam berer. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, umumymilli forumyň hem-de Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini, ähli degişli düzümleriň utgaşykly işlemegini üpjün etmegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň agzalaryna ýüzlenip, 27-nji sentýabrda belleniljek Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň ähmiýetini nygtady. Bu baýramyň hepdäniň ýekşenbe gününe gabat gelýändigi sebäpli, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji sentýabrdaky dynç gününi 28-nji sentýabra — duşenbe gününe geçirmek baradaky Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde garalan meseleleriň aýratyn möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, mundan beýläkki durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm ugurlaryna, halk hojalyk toplumynyň strategik pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilip kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.
Milli Liderimiz her bir pudagyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleriň çözülmeginiň ýolbaşçylardan örän jogapkärli çemeleşmeleri we utgaşykly hereketleri talap edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýakyn geljek üçin işleriň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyryp, bu babatda mejlise gatnaşyjylara degişli maslahatlaryny berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.