TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ULAG, ENERGETIKA WE EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASYNYŇ MÖHÜM UGURLARY BARADA AÝTDY
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milli ulag we energetika pudagynyň hem-de şunuň bilen baglylykda ekologiýa howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns berdi.
Aşgabatda geçirilýän Halk maslahatynyň mejlisiniň gatnaşyjylary döwlet baştutanynyň ýurduň ulag we enerketika ugurlarynyň kämilleşdirilmegi hem-de bu babatda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegi baradaky birnäçe möhüm garaýyşlaryny diňlediler. Bu ugurda ekologiýany goramak kadalarynyň berjaý edilmeginiň aýratyn ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň möhüm şerti hökmünde ýurdumyzda ulag infrastrukturasynyň döredilmeginiň wajyplygyny belläp geçdi. Ýurdumyzda demirýol, awtomobil, howa we suw ulaglarynyň çekilmegi bilen amatly we howpsuz halkara geçelgeleriniň döredilmegi sebitde durnukly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, ýurtlaryň arasynda hyzmatdalygyň pugtalandyrylmagyny we haryt dolanşygynyň göwrümleriniň artdyrylmagyny üpjün eder.
Uly möçberli taslamalaryň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň gurluşygy, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman geçelgesiniň döredilmegi we «Lapis-Lazuli» üstaşyr geçelgesi agzaldy.
Dünýädäki epidemiologiki ýagdaý barada gürrüň edende, döwlet baştutany Aral meselelesiniň çözülmeginiň ähmeýetine ünsi çekdi.