Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak çäresine gatnaşdy
Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň baýram edilýän gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň täze taryhynda ägirt uly özgertmeleriň nyşany bolan ajaýyp binalar toplumyna — Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
Şu ýylyň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygy bilen has-da şöhratlanýandygy guwançly ýagdaýdyr.
Milli Liderimiziň halkymyza Gutlagynda belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr. Döretmäge we gurmaga güýç-kuwwat berýän hem-de milletimizi beýik maksatlara birleşdirýän mukaddes düşünjedir.
Wagt ýurdumyzyň täze döwrüniň başyny başlan taryhy senäniň ähmiýetini barha we barha aýdyň görkezýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda «Biz Garaşsyzlyk gününe toý-baýramlarymyzyň seresi hökmünde aýratyn sarpa goýýarys. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylda hem bu taryhy senäni şanly wakalar, ajaýyp üstünlikler bilen dabaraly garşy alýarys» diýip belledi.
Häzirki döwürde giň möçberli maýa goýum taslamalarynyň çäklerinde senagat kärhanalary bina edilýär, demir ýol hem-de awtoulag ýollary çekilýär, howa we deňiz giňişlikleri özleşdirilýär, gaz geçirijileri gurulýar hem-de iri uglewodorod serişdeleriniň ýataklary açylýar. Bilim, ylym, medeniýet ulgamlarynda beýik özgertmeler amala aşyrylýar.
Garaşsyz Türkmenistan öz täze taryhyny döredýär. Biz joşgunly hem-de döredijilikli zähmetimiz bilen Garaşsyz Watanymyzyň syýasy we ykdysady garaşsyzlygyny berkitmelidiris. Bular türkmenistanlylaryň ählisine aýratyn jogapkärçiligi ýükleýär. Biz häzirki nesle ýeňişlerimiziň hem-de ýeten üstünliklerimiziň baýdagyny gowşurýarys, olara geljekde berkarar Watanymyzyň ýyl ýazgysyna täze belent sepgitleri ýazmak bilen, onuň şöhratly ýoluny dowam etdirmek wezipesi garaşýar.
Mähriban halkymyzy parahatçylyk, dostluk hem-de abadançylyk ýoly bilen öňe alyp barýan milli Liderimiziň ähli başlangyçlary Watanymyza çäksiz söýgä, onuň ajaýyp geljegine bolan ynama ýugrulandyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli asylly başlangyçlary Türkmenistanlylaryň doly goldawyna eýe bolýar.
...Ir bilen Garaşsyzlyk binasynyň ýanynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary ýygnandylar.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy baýramçylyk lybasyna beslenen Garaşsyzlyk binasynyň öňüne gelýär, hemmeler rowaçlyk we bagtyýarlyk eýýamyny esaslandyryjy we ruhlandyryjy milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen mähirli garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyz gyrasynda ýurdumyzyň goragçylary nyzama düzülen haly ýodajygy bilen ýöräp geçýär. Ýaş nesliň wekilleriniň elinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki meýdançada ýörite bellenen ýere geçýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Milli Liderimiz dabaraly ýagdaýda ajaýyp binanyň etegine gül çemenini goýdy.
Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýleki dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.
Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki meýdança hoşboý ysly ajaýyp ter gül desseleri bilen örtülýär. Bu güller Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň — onuň hemişeliginiň, türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň alamaty bolup durýar. Halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda döretmegiň ýoly bilen ynamly öňe gidip, belent maksatlara ýetmekde täze üstünlikleri gazanýar.