TÜRKMEN-GERMAN SYÝASY GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň we GFR-yň daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, nemes tarapyna bolsa GFR-iň DIM-niň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ygtyýarlandyrylan wekili Mihael Zibert ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşik konstruktiw ýagdaýda geçirildi. Taraplar iki döwletiň içeri syýasy ýagdaýlary boýunça pikir alyşdylar we ikitaraplaýyn gün tertibi bilen bagly syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlara degişli derwaýys meselelere seretdiler. Döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýän ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerine garaldy.

Diplomatlar iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky gepleşikleriň oňyn hem-de yzygiderli häsiýetini bellediler. Halkara guramalaryň, hususan-da BMG-iň we ÝB-iň çäklerinde alnyp barylýan oňyn hyzmatdaşlyk barada aýdyldy. Sebitleýin howpsuzlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň sebitleýin hyzmatdaşlygyny berkitmek işindäki möhüm orny bellenildi.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň derejesini içgin ara alyp maslahatlaşdylar. German kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň ösüşindäki orny bellenildi. Energetika we ulag ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly pikir alşyldy.

Diplomatlar ekologik howpsuzlyk ulgamynda, hususan-da “Ýaşyl Merkezi Aziýa” başlangyjynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtap geçdiler. Şeýle-de saglygy goraýyş ugry boýunça bilelikdäki hereketleriň oňyn tejribesi we saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleriniň arasyndaky maslahatlaşmalaryň işjeň ýagdaýda dowam etdirilmeginiň wajyplygy bellenip geçildi.

Mundan başga hem taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Arheologiýa ulgamynda bilelikdäki taslamalary kämilleşdirmek mümkinçiliklerine garaldy. German halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň işjeň utgaşdyryjy orny arkaly, bilim ulgamyndaky özaragatnaşyklaryň netijeliligi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler.