TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN DURNUKLY ULAG MESELELERI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI SEBITLEÝIN DIALOG GEÇIRILDI
Şu gün göni wideoaragatnaşyk arkaly «COVID-19 döwründe SPEKA sebitinde we onuň çäginden daşarda ulaglaryň baglanşyklylygynyň pugtalandyrylmagy» atly Sebitleýin dialog geçirildi. Dialog Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy, onuň sebitleýin komissiýalary we ýöriteleşdirilen degişli edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda guraldy.
Foruma BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Fekitamoeloa Utoikamana, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary O.Algaýerowa, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň, BMG-niň Ösüş maksatlarynda işleri utgaşdyrmak boýunça Müdirliginiň ýolbaşçylary we jogapkär wekilleri gatnaşdylar.
Şeýle-de Sebitleýin dialogyň işine Owganystan Yslam Respublikasynyň jemgyýetçilik işleri ministri, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ulag ministrleriniň orunbasarlary gatnaşdylar.
Mundan başga-da, maslahata halkara guramalarynyň köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri, hususan-da ulag we kommunikasiýa ulgamynda işleýän hünärmenleri we bilermenleri işjeň gatnaşdylar.
Sebitleýin dialogyň barşynda koronawirus pandemiýasy döwründe ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň gaýragoýulmasyz meseleleriniň ençemesine seredildi. Bu meseläniň derwaýyslygy we aýratyn ähmiýetliligi Merkezi Aziýanyň we oňa ýanaşyk sebitleriň döwletleriniň ykdysady ulgamlarynyň şu günki günde täze görnüşli ýokanjyň ýaýramagynyň netijesinde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýa uýgunlaşmaklarynyň ýiti zerurlygy bilen şertlendirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, nobatdaky maslahata gatnaşan halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we döwletleriň ýokary derejeli wekiliýetleri halkara ulag geçelgeleriniň netijeli hereketini ýokarlandyrylmagynyň, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň emele getirilmegine we ösdürilmegine gatnaşýan döwlet edaralarynyň we kompaniýalarynyň hereketlerini işjeňleşdirilmeginiň meselelerinde halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.
Häzirki döwrüň wajyplygynyň nazarda tutulmagy bilen, taraplar ulag ulgamlarynyň adatdan daşary ýagdaýlarda işlemegini üpjün edýän täze halkara-hukuk gurallarynyň işlenilip düzülmeginiň zerurlygyna üns çekdiler.
Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji, 2015-nji we 2017-nji ýyllarda durnukly ulag boýunça Kararnamalarynyň kabul edilendigi, 2016-njy ýylda bolsa Aşgabatda Durnukly ulag boýunça ilkinji Global maslahatyň guralandygy bellenilip geçildi. Bu Forunyň jemleýji resminamasy ulag ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygynyň kemala getirilmegi üçin hukuk esasy bolup çykyş etdi.
Ýokarda agzalan başlangyçlary ösdürmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti özüniň BMG-niň 75-nji mejlisiniň barşynda eden çykyşynda nobatdaky mejlisiň çäklerinde türkmen tarapy tarapyndan taýýarlanylan adatdan daşary ýagdaýlar wagtynda durnukly halkara ulag gatnawlarynyň üpjün edilmegi hakyndaky Baş Assambleýanyň Kararnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.
Wideomaslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar pikirleri alyşdylar we ýokarda agzalan hem-de beýleki derwaýys meseleleriň oňyn çözgüdi babatynda özarahereketleriň ösdürilmegi boýunça anyk teklipler bilen çykyş etdiler.
Sebitleýin dialogyň jemleri boýunça ylalaşykly resminama kabul edildi. Resminamada geçirilen maslahatyň esasy netijeleri öz beýanyny tapýandyr.