Türkmenistanyň we RF-iň Tatarystan Respublikasynyň wekilleri gämi gurluşygy ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we «Deňiz söwda floty» ÝGPJ-niň (Türkmenistan) wekilleriniň «Ак Барс» Gämigurluşyk korporasiýasy» PJ-nyň (Tatarystan Respublikasy) baş direktory Renat Mistahow bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Gepleşiklere şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, TR-nyň senagat we söwda ministri Albert Karimow gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda gämi gurluşygy ulgamynda türkmen-tatarystan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy, Zelenodolskiniň A. M. Gorkiý adyndaky gämi gurluşyk zawodynda Türkmenistan üçin ýokary tizlikli А145Е kysymly ýolagçy gämisiniň ýygnalmagy munuň aýdyň mysalydyr. Tiz wagtda ýurdumyza şu kysymly ikinji gämi hem iberiler.

Şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk-abatlaýyş zawodyny kämilleşdirmek boýunça bilelikdäki işe gyzyklanma bildirildi. «Ак Барс» korporasiýasynyň wekilleri bu kärhananyň konstruktorçylyk we tehnologik bölümleri üçin hünärmenleri taýýarlamaga taýyndyklaryny tassykladylar.