Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky duşuşyk
Iki dostlukly ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan «Türkmenistan — Belarus: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary» atly onlaýn duşuşykda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary, eksport harytlary we hyzmatlary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu çärä ýurdumyzyň iri ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Belarus Respublikasyndan 80-e golaý kompaniýanyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda innowasiýalar ýoly we serişde mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, ähli ulgamlarda giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny ýerine ýetirmek arkaly milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli kuwwatlanmagyna gönükdirilen ykdysady strategiýany amala aşyrýar. Munuň özi daşary ýurtly hyzmatdaşlarda, şol sanda Belarusuň işewürlerinde geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga we harytlaryny hem-de hyzmatlaryny hödürlemäge uly gyzyklanma döredýär.
Bellenilişi ýaly, türkmen-belarus ykdysady gatnaşyklarynyň baý tejribesi döwletara hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan taraplar ony durmuşa geçirmegiň ýolunda anyk işleri amala aşyrýarlar.
Şu günki duşuşyk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häziriki ýagdaýy, haryt dolanyşygyny artdyrmak we iki dostlukly ýurduň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada möhüm maglumatlaryň alşylýandygyny äşgär etdi.
Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary belarusly işewür toparlaryň netijeli gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny nygtap, wideoaragatnaşyk arkaly işewürlik maslahatlaryny, «tegelek stoluň» başyndaky gepleşikleri we anyk ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegini jikme-jik öwrenmek üçin duşuşyklary yzygiderli geçirmek hakyndaky teklibi öňe sürdüler.
Gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi iki döwletiň milli ykdysadyýetleriniň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, taraplar bu ugurda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri görkezýän maglumatlar bilen tanyşdylar hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Telekeçilik başlangyçlaryna goldaw bermek we ony höweslendirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreleriň netijesinde Türkmenistanda halk hojalygy toplumynyň dürli ugurlarynda ýöriteleşdirilen hususy haryt öndürijileriň sany artýar. Mümkinçilikleri nazara alyp, täze gatnaşyklary ýola goýmaga we ozal bar bolan netijeli işewür hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk teklipler aýdyldy.
Taraplar dokma senagaty ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Bu pudagyň öňünde milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek, ýerli çig mal serişdelerini netijeli peýdalanmak arkaly dürli önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly toplumlary döretmek boýunça anyk wezipeleri goýdy.
Dostlukly döwletiň wekilleri bu gün Diýarymyzyň dokma senagatynyň halkara bazarlarda öz bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýandygyny we Belarus Respublikasynda uly islegden peýdalanýandygyny belläp, bar bolan giň mümkinçilikleriň amala aşyrylmagynyň iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň has-da artmagyna kömek etjekdigini nygtadylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar farmasewtika ulgamyny döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda aýtdylar.
Taraplaryň umumy pikirine görä, bu wideoduşuşyk berk işewür we däp bolan dostluk gatnaşyklar arkaly baglanyşýan Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini ýene bir ýola görkezdi.