TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň täzelenen düzüminde mejlisi geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň düzümi tassyklandy.

Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, mejlisiň barşynda Türkmenistanda geçiriljek Hazarýaka ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň Altynjy Sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Hazar meseleleriniň oýlanşykly çözgüdiniň işlenilip düzülmeginde görnetin öňdebaryjy orny eýeleýändigini nygtady. Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň ösdürilmeginde Türkmenistanyň ähmiýetli orun eýeländigi we bu hereketleriň ekologiki aýratynlyklarynyň nazarda tutulmagynda hazarýaka döwletleriniň ählisi bilen hyzmatdaşlykda halkara hukugynyň çäklerinde dowam edilýändigi bellenilip geçildi.

Ministr şeýle hem 2018-nji ýylda Aktau şäherinde Ha­zar deň­zi­niň hukuk de­re­je­si ba­ra­da­ky Kon­wen­si­ýa­ gol çekilendigini belläp, bu taslamanyň işlenilip düzülmeginiň baryp 2002-nji ýylda Türkmenistanda başlanandygyny nygtady. Ol Türkmenistanyň mundan beýläk hem özara hormat goýmak ýörelgelerine laýyklykda Hazar deňzi boýunça özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi boýunça zerur tagallalary durmuşa geçirjekdigini aýratyn belledi. Bu – ykdysadyýete, ekologiýa, howpsuzlyk, ulag we beýleki ulgamlaryň ählisine degişlidir. Şunuň bilen birlikde ýurduň ekologiýa diplomatiýasyna laýyklykda, howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere we ýaşyl ykdysadyýetiň çäklerindäki işlere aýratyn üns bermek zerur bolup durýar.    

DIM-niň ýolbaşçysy Altynjy Hazar Sammitine berk taýýarlyk görülmeginiň zerurlygyny beýan etdi. Ol bu ugurda ileri tutulýan işleri belläp geçdi. Guramaçylyk häsiýetli meselelere jogapkärçilikli çemeleşmek bilen bir hatarda ol hyzmatdaşlygyň binýadynyň we geriminiň giňeldilmegi üçin degişli hukuk we ykdysady gurallaryň işlenilip düzülmegine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň derwaýyslygyny aýratyn nygtady.

Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi, hazarýaka döwletleriniň we olaryň halklarynyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we giňişleýin özarahereketleriň pugtalandyrylmagy maksady bilen bu ugurda geljekde hem netijeli işleri dowam etmeklige hemmetaraplaýyn ygrarlydyr.