TÜRKMEN-OWGAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmaryň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hökümetara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Kärdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy bilen bir hatarda köpugurly ulag hem-de energetika taslamalarynyň üstünlikli ilerledilýändigi bellenilip geçildi. Taraplar bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň diňe bir bu iri göwrümli taslamalara gatnyşyjy-ýurtlaryň däl-de, eýsem tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine agramly goşant goşýandygyny nygtadylar.
Owgan tarapy Owganystandaky parahatçylyk gepleşikleriniň ilerledilmegi işinde Türkmenistanyň wajyp ornuny belledi. Meseleleri diňe diplomatik gurallar arkaly we halkara hukugyň kadalarynyň çäklerinde çözmäge çagyrýan ýurduň oňyn bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Kärdeşler sebitleýin we halkara gün tertibiniň käbir meseleleri barada pikir alyşdylar hem-de ählumumy wehimler bilen göreşmekde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň zerurlygyny bellediler.