Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň halky 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan ildeşlerimiziň ýüzlerçe müňüsini hasrat bilen hatyralaýar. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmen halkynyň taryhynda iň pajygaly wakalaryň birinden — Aşgabat ýertitremesinden 70 ýyldan hem gowrak wagt geçdi. Bu waka baradaky ýatlamalar häzire çenli her bir türkmenistanlynyň ýüreginde agyr ýara bolmagynda galýar. Ol uly ýitgileriň öwezini dolup bolmajakdygy baradaky ýatlamalary bilen çuňňur oýlanmaga mejbur edýär.

1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijede elhenç tebigy betbagtçylyk bir pursadyň özünde owadan, gülläp ösýän şäheri hem-de onuň töwereklerini weýran etdi, ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesip, her bir maşgala diýen ýaly öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi.

Diri galanlar edermenlik, durnuklylyk, gaýduwsyzlyk görkezdiler. Weýran bolan şäher tebigy betbagtçylygyň öňünde dyza çökmedik adamlaryň gujur-gaýraty bilen ýaşamagyny dowam etdi. Adatdan daşary şertlerde — tüm garaňkylykda diri galanlar weýran bolan jaýlaryň aşagyndan hossarlaryny, ýakynlaryny, goňşularyny halas etmäge girişdiler. Umumy heläkçilik adamlary jebisleşdirdi. Olary ruhy taýdan birleşdirdi...

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada saklanýar. Bu ýerde hormat garawuly nyzama düzülipdir.

...Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin «Ruhy tagzym» ýadygärligine tarap ugraýar. Şu pursat pajygaly gije 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerinde gahrymançylyk görkezen ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe — ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan atasy Berdimuhamet Annaýewi ýitiren döwlet Baştutanymyzyň hasratyny tüýs ýürekden paýlaşýanlaryň ählisini hakyky duýgudaşlyk duýgusy gurşap aldy.

...Şu günki Aşgabadyň ajaýyp keşbi hemmeleri haýran galdyrýar. Köp sanly binagärlik toplumlary döwrümiziň esasy aýratynlygyna öwrüldi. Baş şäherimiz tanalmaz derejede özgerdi.

Ajaýyp ak mermerli binalar toplumlary, ýadygärlikler, döwrebap sport desgalary, teatrlar, söwda merkezleri, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan belent ýaşaýyş jaýlary, täsin seýilgähler hem-de seýilbaglar, köp sanly suw çüwdürimleri gözel Aşgabadyň özboluşly alamatlarydyr. Bu desgalar seýsmiki taýdan örän ygtybarly guruldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň durmuş üpjünçiligi ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çärelere uly üns berip, şol işleriň häzirki döwrüň talaplaryna hem-de ölçeglerine, şol sanda hil, seýsmologik, bezeg we ekologiýa talaplaryna gabat gelmeginiň esasy görkezijiler bolup durýandygyny nygtaýar.

Ýurdumyzda gurluşyk işleri seýsmiki durnuklylyk babatda bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barylýar, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty Aşgabadyň we welaýatlaryň seýsmiki ýagdaýyny içgin öwrenmegiň üstünde işleýär.

...Milli Liderimiz Watanymyzyň edermen ogullarynyň öçmejek halk hakydasynyň nyşanyna öwrülen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärlikleriniň etegine gül çemenini goýdy.

Türkmen halky gahrymançylykly taryhynyň öçmejek pursatlaryny ýatlap, gahryman ata-babalarymyzyň edermenligine sarpa goýýar we mähriban topragymyzy goraýjylaryň gaýduwsyzlygy baradaky hakydany nesilden-nesle geçirýär.

Watanyň azatlygyny hem-de garaşsyzlygyny goran ata-babalarymyzyň edermenligi we gaýduwsyzlygy baradaky şöhrat halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda watandaşlarymyzyň müňlerçesi deňsiz-taýsyz edermenlik, harby borja wepalylyk, Watana ygrarlylyk görkezdiler. Munuň özi ýaşlarymyz üçin görelde mekdebidir.

Şu gün, onlarça ýyl geçenden soň, şol ýyllaryň gahrymançylykly taryhy biziň ýüreklerimizde uly joşgun döredýär. Biz ildeşlerimize buýsanmak bilen, olaryň öçmejek edermenliginiň öňünde baş egýäris.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzysüre Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýlekiler gül goýýarlar.

Az salymdan soň, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň ýadygärlikleri ajaýyp we köpöwüşginli güllere beslenýär. Bu güller türkmenleriň şöhratly ata-babalarynyň Watanymyzyň azatlygy hem-de garaşsyzlygy ugrundaky köpasyrlyk göreşde görkezen edermenligine baky hakydanyň we hormat-sarpanyň nyşanydyr.

Gül goýmak çäresi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşanlar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

 

* * *

 

Hormatly Prezidentimiz ýolugra paýtagtymyzy has-da ösdürmek, abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, bu baradaky meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Türkmenistanlylar üçin dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesinde ýaşamaga ähli oňaýly şertleri döretmek milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň yzygiderli ýerine ýetirilmegine uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen bir hatarda, häzirki zaman tejribelerini utgaşdyrmak, bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de olary öz wagtynda ulanmaga bermek esasy talaplar bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde, paýtagtymyz sazlaşykly ösüp, dünýäniň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrdy.

Aşgabat öz çäklerini barha giňeldýär, onuň binagärlik toplumynyň üsti bolsa täze jaýlar we desgalar, şol sanda gurulýan ýollar bilen ýetirilýär, ugurdaş desgalar bina edilýär. Bu iş her gün dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäher gurşawynyň abadançylygyny mundan beýläk-de üpjün etmek, bagy-bossanlyklara, gül-gülzarlyklara öwürmek boýunça birnäçe öwüt-nesihatlaryny berdi. Döwlet Baştutanymyz möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli teklipleriň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, täze gurulýan binalar Aşgabadyň ajaýyp keşbi bilen döwrebap derejede utgaşmalydyr. Baş şäherimiz ähli babatda ýaşaýjylar we myhmanlar üçin hemme amatlyklary özünde jemleýän göreldeli paýtagt bolmalydyr.

Bu maksatlary amala aşyrmak ugrunda işler alnyp barlanda, paýtagtyň ekologiýa ýagdaýyna, şäher gurşawyna, howasynyň arassa bolmagyna aýratyn üns berilmelidir. Çünki munuň özi, ilkinji nobatda, adamlaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtady.