Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Russiýa Federasiýasynyň ynamly durmuş-ykdysady ösüşi, döwlet gurluşynyň we halkara giňişlikde at-abraýynyň yzygiderli berkidilmegi Siziň adyňyz bilen aýrylmaz baglydyr» diýip, milli Liderimiz gutlag hatynda nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha bermek bilen, türkmen-russiýa strategik we dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmäge Prezident Wladimir Putiniň berýän ünsüni we uly goşandyny aýratyn belledi.

“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky wagtyň synagyndan geçen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris. Türkmen-russiýa döwletara gatnaşyklarynyň we strategik hyzmatdaşlygynyň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine gyşarnyksyz pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys” diýlip, gutlag hatynda aýdylýar.

Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglygyny, bagtyýarlygy we maşgala abadançylygyny, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.