Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

“Türkmenistan-Özbegistan” işewür geňeşiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen 1-nji mejlisinde köpugurly döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onlaýn-duşuşyga birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri hem-de iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Geňeşe başlyklyk edijiler – iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň başlyklary mejlisi açmak bilen, wajyp hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň özara saparlarynyň, duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtadylar. Munuň özi syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary netijeli ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda uzakmöhletleýin, ynanyşmak we özara bähbitli esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşe eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Taraplar söwda-ykdysady mümkinçilikleri we ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçindürli ugurlarda ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, işewür duşuşyklaryň iki doganlyk halklaryň bozulmaz dostlyk, taryhy-medeni we ruhy umumylyklaryna esaslanýan däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Wideoduşuşyga gatnaşyjylar işewür hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, şol sanda söwda-ykdysady ulgamynda, dokma, gurluşyk we himiýa we elektron senagaty, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda, aragatnaşyk, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, obasenagat toplumy ýaly ugurlarda işewür gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şonuň ýaly-da, Özbegistanyň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde synagdan geçirilen oba hojalyk tehnikalarynyň satyn alynýandygyny nazara almak bilen, bu ugurdaky gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygy nygtaldy.

Bu ugurda logistika ulgamyna möhüm orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, goňşy döwlet ulag ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjyny goldaýar. Özbegistan Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Bu ugurlar halkara üstaşyr geçelgeleriniň ugurlaryny artdyrar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň we milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmeginiň hem-de sanlylaşdyrylmagynyň iki ýurduň giň ugurlar boýunça gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler açýandygy nygtaldy.

Mejlise gatnaşyjylar netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanmalaryny tassyklap, “Türkmenistan-Özbegistan” işewür geňeşiniň işiniň özara haryt dolanyşygynyň mukdarynyň artdyrylmagyna, maýa goýum işiniň höweslendirilmegine we iki ýurduň işewürtoparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.