TÜRKMENISTANYŇ BSG AGZA BOLMAGY BILEN BAGLY MESELELERI ÖWRENMEK BOÝUNÇA HÖKÜMET TOPARYNYŇ MEJLISI

2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlisi geçirildi.

Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Bütindünýä söwda guramasynyň wekiliýetine BSG-na agza bolmak departamentiniň direktory hanym Maýka Oşikawa ýolbaşçylyk etdi.

Wideokonferensiýanyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygy boýunça “Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň” ähli bentlerini ara alyp maslahatlaşdylar we ony kabul etmeklik baradaky meselä seredip geçdiler.

Şeýle hem taraplar Aziýa ösüş bankynyň tehniki goldawynyň çäklerinde taýynlanan, Türkmenistanyň daşary söwda şertleri boýunça Ähtnamany taýýarlamak boýunça hereketleriň Meýilnamasynyň taslamasy bilen bagly pikir alyşdylar.

Mejlisiň dowamynda türkmen tarapy ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň çäklerinde ýurdumyzyň BSG-na synçy derejesini almagy bilen, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň, biziň daşary ykdysady gatnaşyklardaky garaýyşlarymyzyň berkemeginiň we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kämilleşmeginiň üpjün ediljegi barada belläp geçdi.

Türkmen tarapy mundan başga-da ýakyn geljekde Türkmenistanyň BSG-na synçy derejesini almagyna bagyşlanan tegelek stoluň gurnalmagy barada teklip etdi.

Mejlisiň ahyrynda gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça işleriň dowam etdirilmegi bilen baglanşykly birnäçe ileri tutulýan meselelere garaldy.