TÜRKMENISTAN WE OWGANYSTAN IKITARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ ŞERTNAMA-HUKUK BINÝADYNY PUGTALANDYRÝARLAR

2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda OYR-nyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Teswirnama owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmar we türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öwezow gol çekdiler.

Bu resminama öz nobatynda Türkmenistanyň we OYR-nyň arasyndaky döwletara we hökümetara ylalaşyklarynyň agramly bukjasyny has hem giňeltmäge gönükdirilendir.

Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerine esaslanmak bilen, Türkmenistan Owganystanyň Hökümeti we esasy hyzmatdaşlary bilen owgan meseleleriniň parahatçylykly ýollar bilen kadalaşdyrylmagy hem-de tutuş sebitde asudalygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagy boýunça maksada gönükdirilen ähmiýetli işleri durmuşa geçirýändir.

Soňky döwürde taraplar ikitaraplaýyn özara hereketleriň şertnama-hukuk esaslaryny berkidýärler. Bu ugurda, şu ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda Kabul şäherinde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky bilelikdäki infrastruktura taslamalarynyň gurluşygynyň mundan beýläk hem işjeň durmuşa geçirilmegine itergi berjek birnäçe möhüm resminamalara gol çekilendigini bellemek zerurdyr.