TÜRKMENISTANYŇ SPORT ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA ONLAÝN-DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasy bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem wideo aragatnaşyk arkaly Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Robin Mitçell gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Olimpiýa raýdaşlygy maksatnamasynyň çäklerinde hem-de bölünip berlen serişdeleriň we Türkmenistanda Olimpiýa hereketiniň ösdürilemgi boýunça Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň we Halkara Olimpiýa komitetiniň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasy tarapyndan berlen ýörite serişdeleriň  Tokio-2020 tomusky Olimpiýa oýunlaryna türkmen türgenleriniň taýynlanmagy üçin rahat şertleriň döredilmegine sarp ediljekdigi barada belläp geçdi.

Robin Mitçell Türkmenistanda sportuň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine we mümkinçilikleriniň giňeldilmegine  aýratyn üns berilýändigini nygtady. Bu ugurdaky alnyp barylýan işler ýurdumyzyň abraýynyň artmagyna we halkara sport hyzmatdaşlygyna goşant goşmaga ýardam eder.

Türkmen tarapy  sport ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen tagalalary üçin Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasyna we Halkara Olimpiýa komitetine minetdarlyk sözlerini beýan etdi.