OWGANYSTAN – TÜRKMENISTAN – AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARY ÜÇTARAPLAÝYN DUŞUŞYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI BEÝANNAMA

Aşakdaky beýannamanyň teksti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Hökümetleri tarapyndan Owganystan – Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlary birinji üçtaraplaýyn duşuşyk mynasybetli neşir edildi.

 

Tekstiň başy

 

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň wekilleri 2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda telekonferensiýa görnüşinde Owganystan – Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçtaraplaýyn duşuşygyna toplandylar.

Duşuşyk ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýliň we Owganystanyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmaryň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň bilelikde başlyklyk etmeklerinde geçirildi.

Gatnaşyjylar aýratyn howatyrlanma döredýän meseleleriň, şol sanda syýasy, howpsuzlyk we ykdysady meseleleriň çözgüdi üçin üçtaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmalaryň derwaýyslygyny tassykladylar. Şu maksat bilen gatnaşyjylar aşakdakylar barada meýillidirler:   

 

  • sebitleýin howpsuzlygyň we ykdysady ösüşiň hem-de öňegidişligiň saklanylmagy üçin has ysnyşykly bilelikdäki hyzmatdaşlyga gatnaşmak üçin öz üstlerine borçnamalary almak we sebitiň ýurtlaryny hem-de has giňişleýin halkara bileleşigini owgan parahatçylyk gepleşiklerini goldamaga çagyrdylar, şeýle-de owgan halkynyň öz ýolbaşçylygyndaky we gatnaşmagyndaky parahatçylykly gepleşikleriň öz-özi hem-de sebit bilen abadançylyk ýagdaýynda ýaşaýan jebis, özbaşdak, demokratik we gülläp ösýän Owganystany pugtalandyrmagyny üpjün etmeli; 
  • durnukly parahatçylyk üçin gaýragoýulmasyz şert hökmünde soňky 19 ýylyň dowamynda owganystanlylaryň demokratiýanyň we adam hukuklarynyň üpjün edilmegi babatyndaky üstünliklerini saklamak we ýaýbaňlandyrmak;
  • howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy gowulandyrmak we serhetüsti wehimlere garşy göreşde hem-de terrorçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy, kontrabanda we bikanun migrasiýa ýaly howpsuzlyk meseleleriniň çözgüdinde bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek;
  • Owganystanyň, Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halklarynyň arasynda gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin mümkinçilikleri ýüze çykarmak we goldamak; 
  • sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi üçin aýallaryň alyp barýan ähli işlerine olaryň ähmiýetli derejede çekilmegine, gatnaşmagyna we goraglylygyna ýardam etmek;
  • Söwda we maýa goýum boýunça ABŞ-nyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky degişli Ylalaşyga (TIFA) laýyklykda söwda babatyndaky hukuk çäklendirmelerine gaýtadan seredilmegi, şonuň ýaly-da gümrük we beýleki amallaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy arkaly Owganystanyň, Türkmenistanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda söwdanyň ösdürilmegine ýardam etmek;
  • Lapis Lazuli geçelgesiniň ulanylmagynda we gowulandyrylmagynda hem-de sebitde söwdanyň göwrüminiň artdyrylmagy üçin Owganystanyň, Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bilelikde işläp biljek beýleki ulag taslamalarynyň kesgitlenilmeginde hyzmatdaşlygy giňeltmek;
  • Merkezi Aziýany Owganystan arkaly Günorta Aziýa bilen birleşdirýän ulag torlarynyň gurluşygy hem-de giňelgilmegi boýunça hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy arkaly sebitleýin birleşige ýardam edýän taslamalary goldamak;
  • Infrastruktura taslamalarynyň, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektroenergetika taslamasy we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň taslamasy ýaly energetika serişdeleriniň bilelikde ulanylmagy boýunça taslamalary kesgitlemek we durmuşa geçirmek üçin bilelikde işlemek;
  • häzirki pandemiýa, jemgyýetçilik saglygy ulgamyndaky geljekki wehimlere hem-de tebigy betbagtçylyklara garşy göreşde hereketleriň utgaşdyrylmagy arkaly öz halklarynyň arasynda ynsanperwer özarahereketleri giňeltmek;
  • häzirki pandemiýanyň netijelerinden we onuň çygryndan soňra dessin hereket etmegiň we dikelmegiň hereketlendiriji güýji bolup bilmekleri üçin aýallaryň deňligine hem-de olaryň ykdysady hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam etmek;
  • Owganystanyň, Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň umumy taslamalara we maksatlara goldawlaryny dikeltmäge mümkinçilik berjek yzygiderli gepleşiklere gatnaşmak, hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikleri öwrenmek we Merkezi Aziýa üçin howpsuz hem-de bagtyýar geljegi birlikde gurmak. 

 

Gatnaşyjylar bu ara alyp maslahatlaşmalaryň dowam edilmegine umyt bildirýärler.