FRANSIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Izabel Ginel bilen duşuşygy boldy. 

Duşuşygyň başynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ygrarlydygyny bellediler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar ikitaraplaýyn saparlar we köptaraplaýyn  duşuşyklara gatnaşmagyň çäklerinde ýokary derejedäki saparlaryň gurnalmagynyň wajyplygy barada bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde yzygiderli duşuşyklary guramak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, taraplar energetika, sanly ulgama geçmek, aragatnaşyk, gurluşyk, raýat awiasiýasy, saglygy goraýyş, oba hojalyk, moda senagaty ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça pikir alyşdylar. 

Duşuşygyň barşynda medeniýet, bilim we ylym pudaklarynda ikitaraplaýyn türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň mehanizmini – Medeni dialogyny döretmek baradaky teklip orta atyldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar medeniýet, bilim we ylym pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Fransuz geňeşini döretmek baradaky başlangyjy teklip etdiler.

Duşuşygyň dowamynda hanym Izabel Ginel öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy täze wezipede üstünlikler arzuw etdi.