Kinologiýa ulgamynda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün «Türkmen alabaý itleri» Halkara assosiasiýsynyň we Fransiýanyň Merkezi kinologiýa jemgyýetiniň wekilleriniň onlaýn-duşuşygy geçirildi, onuň barşynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşiklere fransuz tarapyndan Nantyň Weterinariýa mekdebiniň professory Klod Gantar, Halkara kinologiýa federasiýasynda Fransiýadan eminler toparynyň agzasy Greguar Leroý we Kinologiýa jemgyýetiniň halkara bölüminiň işgäri Fler Mari-Missant gatnaşdylar.
Wideoduşuşygň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri fransiýaly hünärmenleri işi türkmen alabaýlarynyň seçgisine, özboluşly bu tohum itlerini saklap galmaga we köpeltmäge, ony dünýä ýaýmaga gönükdirilen birleşigiň gurluşy hem-de alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar.
Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzda alabaýlaryň gymmatly sypatlaryny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar, kinologik işiň we itşynaslygyň döwrebap ulgamy kemala getirilýär.
Fransuz tarapy Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdi we köpugurly gatnaşyklara gyzyklanma bildirdi. Şu jähtden iki ýurduň kinologik ulgamynyň hünärmenleriniň özara saparlaryny guramak barada ylalaşyk gazanyldy.