TÜRKMENISTANYŇ MARRAKEŞ YLALAŞYGYNA GOŞULMAGY HAKYNDAKY GURALYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Bütindünýä Intellektual eýeçiligi guramasynyň (BIEG) Ženewa şäherindäki merkezi edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen «Körlere we görüş ukyby bozulan ýa-da metbigat maglumatlaryny kabul etmek bilen bagly beýleki mümkinçilikleri çäkli adamlara çap edilen eserleriň elýeterliligini ýeňilleşdirmek hakyndaky Marrakeş Ylalaşygyna» (2013-nji ýyl) goşulmak hakynda guralyň BIEG-iň Baş direktory jenap Daren Tanga gowşuryş dabarasy geçirildi.
Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, Ilçi öz gezeginde jenap Daren Tangy golaýda Guramanyň Baş direktory wezipesine bellenilmegi (2020-nji ýylyň 1-nji oktýabry) bilen gutlap, Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, hususan-da BIEG bilen işjeň gatnaşyklara ygrarlydygyny belledi.
Türkmenistanyň Parlamenti tarapyndan 2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda Marrakeş Ylalaşygynyň ratifisirlenmegi biziň ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlary bilen oňyn gatnaşyklarynyň görnetin netijesi hökmünde beýan edildi.
Hemişelik wekil Türkmenistanyň Parlamenti tarapyndan «Ýerine ýetirijileri, fonogrammalary döredijileriň we ýaýlyma göýberiş guramalaryň hukuklaryny goramak hakynda Rim Konwensiýasynyň» hem ratifisirlendigini we Türkmenistanyň Prezidentiniň Goşulmak hakyndaky degişli gurala gol çekendigini belläp geçdi hem-de degişli resminama ýakyn wagtda BMG-niň Baş sekretaryna gowşurylar, diýip aýtdy.
Baş direktor D.Tang Türkmenistanyň soňky ýyllarda BIEG bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilendigini belledi we tutuş dünýä üçin çylşyrymly bolan häzirki döwürde Türkmenistanyň Marrakeş Ylalaşygyna goşulmagynyň derwaýyslygyny aýratyn nygtady.
BIEG-iň halkara hukuk resminamalaryna goşulmagy babatynda türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirip, Baş direktor Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Gurama bilen bilelikde täze «Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda Intellektual eýeçiligi ulgamynyň ösdürilmegi boýunça Maksatnamasynyň» işlenilip düzülmegi boýunça alnyp barylýan işlere kanagatlanma bildirip, Türkmenistanda intellektual eýeçiligi ulgamynyň kämilleşdirilmegi maksady bilen BIEG bilen hyzmatdaşlygyň barha artýan mümkinçiliklerini aýratyn belläp geçdi.