HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MERKEZI AZIÝA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda wideo aragatnaşyk arkaly Howanyň üýtgemegi boýunça üçünji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady.  Ol 23-nji oktýabra çenli dowam eder.

Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet gulluklarynyň, ösüş boýunça halkara agentlikleriniň, maliýe institutlarynyň, ylmy jemgyýetçiliginiň hem-de raýat guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. 

Bu maslahatyň esasy mowzugy – deňeşdirilýän wagt araçäkleriniň dowamynda syn edilýän we howanyň tebigy durnuksyzlygy bilen bagly bolmadyk global atmosferanyň düzüminde üýtgeşmeler döredýän adamzadyň işleri bilen göni ýa-da göni däl arabaglanyşygy bolan howanyň üýtgemegi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan sebitleýin we halkara derejesindäki ekologiki meseleleriň çözülmegi ugrunda çykyş edýär.  Bu babatda döwletiň Aral ekologiki betbagtçylygynyň oňaýsyz netijelerini, şol sanda adamyň saglygyna zeper ýetirýän howanyň hapalanmagyny ýeňip geçmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyna çagyryşyny bellemek ähmiýetlidir.  Şeýlelikde, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň çäklerinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda howa akymlarynyň hapalanmak derejesiniň ýokanç, onkologiýa we ýürek-damar keselleriniň derejesi bilen korrelýasiýasyny öwrenmek boýunça halkara barlaglary guramak baradaky teklibi girizdi.     

Onlaýn-forumyň barşynda oňa gatnaşyjylar bu ugurdan derwaýys meselelere jikme-jik serederler. Şeýle-de dört sany esasy ugur: howanyň üýtgemeginiň netijeleri we pandemiýa şertlerinde howa ulgamyndaky syýasatyň kemala getirilmeginiň meseleleri; pandemiýa şertlerinde howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça çemeleşmelerde ylmy barlaglar we çemeleşmeler; howanyň üýtgemegi ulgamyndaky maglumatlar we bilimler: töwekgelçilikler we mümkinçilikler; howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça çäreleriň maliýeleşdirilmegi boýunça pikirler alyşylar.

Şu ýyl maslahat «Aral deňziniň basseýninde howanyň üýtgemeginiň netijelerine uýgunlaşmak we olary peseltmek boýunça maksatnama» (CAMP4ASB) taslamasynyň çäklerinde guraldy we 2013-nji ýylda başlanan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi hakyndaky bilimleriň we maglumatlaryň alyşylmagy boýunça Bütindünýä Bankynyň başlangyjynyň dowamy bolup durýandyr.

Maslahatyň barşynda şeýle-de halkara we sebit gün tertibine, milli mümkinçilikleriň ýokarlandyrylmagyna we howanyň üýtgemegi ulgamynda döwrebap tehnologiýalaryň ornşdyrylmagyna hem-de häzirki döwrüň beýleki derwaýys meselelerine aýratyn üns beriler.

Howanyň üýtgemegi boýunça üçünji Merkezi Aziýa maslahatynyň jemleri boýunça gazanylan ösüşi kesgitlejek jemleýji resminama kabul ediler we ol ýüze çykýan täze şertlerde howanyň üýtgemegi ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň umumy sebitleýin nukdaýnazarlarynyň kemala getirilmegi üçin degişli esasy döreder.