TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: «ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY - TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ AÝRYLMAZ BÖLEGIDIR»

Türkmenistan - bu Merkezi Aziýanyň bir döwletidir.  Şu gün bu sebit halkara jemgyýetçiliginiň aýratyn ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde dünýäniň köp ýurdunyň geosyýasy we geoykdysady bähbitleri utgaşýandyr. Muňa göz ýetirmek bilen, Türkmenistan, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylygy, durnuklylygy, durnukly ösüşi we sebitiň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge gönükdirilen hereketlere işjeň gatnaşýar, bu bolsa ählumumy parahatçylyga we ösüşe ýetmekde aýratyn wajypdyr.  

Bu ugurda goňşy ýurtlaryň we Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýanyň çözgüdi bilen 2007-nji ýylda döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkezi Türkmenistanyň ähmiýetli hyzmatdaşlaryndan biri hökmünde çykyş edýär. Bu özboluşly guramanyň merkezi edarasy Aşgabat şäherinde ýerleşýär.

Öňüni alyş diplomatiýasynyň netijeliligi wagtyň synagyndan geçendir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisine gatnaşyjylaryna ýollan wideoýüzlenmesiniň dowamynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziniň orny we işiniň ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdi.Türkmenistan döredilen gününden başlap, sebit döwletleriniň we golaýda ýerleşýän ýurtlaryň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ilerletmek boýunça ähmiýetli işleri amala aşyran bu Merkeziň işini we başlangyçlaryny işjeň goldaýar. Türkmenistan Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkezi bilen sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça, şol sanda BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasyny durmuşa geçirmek ugrunda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän özara hereketleriň çäklerinde häzirki döwrüň howplaryny we wehimlerini, hususan-da global pandemiýany hem-de onuň durmuş-ykdysady täsirlerini ýeňip geçmek aýratyn orun eýeleýändir.

2020-nji ýylda Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny belleýär. Esasy sütünleriniň biri öňüni alyş diplomatiýasy bolan bu hukuk derejesiniň çäklerinde döwlet dostlukly, bitarap we özarabähbitli gatnaşyklary saklamak arkaly uly işleri durmuşa geçirdi.   

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisiniň dowamynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek, Öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiligini yzygiderli açmak boýunça öz Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerine eýerip, Türkmenistan mejlisiň çäklerinde Baş Assambleýa “Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziniň eýeleýän orny” diýen Kararnamanyň taslamasyna garamagy teklip etmegi maksat edinýär” diýip belledi.

Türkmenistan ykdysadyýet, söwda, saglygy goraýyş, bilim we ylym, energetika hem-de ulag geçelgelerini işläp düzmek, ekologiýa howpsuzlygy ýaly ugurlar boýunça anyk netijelere ýetmek üçin ýola goýlan platformalar we maksatnamalar arkaly sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine ygrarly bolup durýandyr.  Şunuň bilen baglylyda, Türkmenistanyň  Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň we beýleki ähmiýetli düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny aýratyn bellemek zerurdyr.   

Öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerine eýermek bilen Türkmenistan sebitleýin we halkara derejelerinde parahatçylygy, durnuklylygy we yzygiderli ösüşi üpjün etmek işlerine öz oňyn goşandyny goşmaga meýillidir.